Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat ýene-de milliard dollarlyk proýekte goşulmaga çagyrylýar


Owgan prezidenti Aşraf Gani gatnaşyjy döwletleriň maslahatynda Türkmenistany CASA-1000 proýeketine goşulmaga çagyrdy. 
Owgan prezidenti Aşraf Gani gatnaşyjy döwletleriň maslahatynda Türkmenistany CASA-1000 proýeketine goşulmaga çagyrdy. 

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Täjigistanda, CASA-1000 proýeketine gatnaşyjy döwletleriň maslahatynda Türkmenistan bilen Özbegistany hem Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa elektrik energiýasyny eltjek taslama goşulmaga çagyrdy.

Bu çakylyk täjik pezdenti Emamali Rahmonyň CASA-1000 proýektiniň durmuşa geçirilişiniň haýallygyny tankytlan wagtyna gabat geldi.

AÝ/AR-nyň Owgan gullugynyň baş redaktorynyň orunbasary Kadyr Habybyň pikirine görä, 2016-njy ýylyň maýynda başlanan we 2018-nji ýylyň aýagynda tamamlanmaly proýektiň durmuşa geçirilişiniň haýallygy Owganystandaky howpsuzlyk meseleleri bilen bagly.

Şonuň bilen bir wagtda ol owgan hökümetiniň we prezidentiniňbu proýektiň amala aşyrylmagy üçin elden gelenini edýändigine ynanýandygyny, şu sebäpden hem Ganiniň bu proýektiň amala aşyryljagyna hiç kimiň şübhelenmezligini isleýändigini belleýär.

Ýöne ol täjik tarapynyň hem aladasyna düşünmelidigini, sebäbi bu aladanyň sebitdäki howpsuzlyk ýagdaýlaryndan gelip çykýandygyny tassyk etdi.

“Sebäbi Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary ýaramazlaşýar, hususan-da demirgazyk-gündogar Owganystanda, Täjigistan bilen serhetleşýän, elektrik energiýasynyň çekiljek ýerlerinde şertler gün-günden erbetleşýär” diýip, Kadyr Habyp sözüniň üstüni ýetirdi.

Elbetde, owgan prezidenti Aşraf Gani howpsuzlygy üpjün etmekde ellerinde baryny etjegine ynandyrmaga çalyşýar.

Täjigistanda 6-njy iýulda, CASA-1000 proýektine gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet we döwlet ýolbaşçylarynyň duşuşygyna täjik we owgan prezidentlerinden başga, Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif we Gyrgyzystanyň premýeri Sooronbaý Žeenbekow hem gatnaşdy. Owgan lideri taraplaryň gol çekilen şertnama esasynda öz üstlerine düşýän işi etmeklerine çagyrdy.

REGNUM habar gullugynyň maglumatyna görä, täjik prezidenti Emomali Rahmon bu proýektiň haýallygy zerarly gatnaşygjy ýurtlaryň ýylda jemi 500 million dollardan gowrak girdejini ýitirýändigini aýtdy.

$1.16 milliard dollar bahasy bolan CASA-1000 proýekti Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň gidroelektrik stansiýalrynyň tomus wagtyndaky artykmaç toguny Owganystana we Pakistana aşyrmagy maksat edinýär.

Owgan žurnalisti Kadyr Habybyň pikirine görä, sebitdäki howpsuzlyk meselelerine garamazdan, Aşraf Gani öz kärdeşlerini has uludan pikirlenmäge çagyrýar.

“Prezident Gani eger-de bu ýurtlaryň ählisi - Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan bileleşseler, Pakistana we Hindistana, energiýanyň uly bazaryna 15 - 16 müň megawatta çenli elektrik energiýasyny iberip biler” diýýär.

Elbetde, amala aşyrylsa, sebitde nazarda tutulýan energiýa, demirýol proýektleriniň gatnaşyjy ýurtlara-da, sebite-de peýda getirjegi, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitjegi öz-özünden hem düşnükli zat. Kadyr Habyp bu barada liderleriň hemmesiniň pikir edýändigini aýdýar.

“Emma, biziň görşümiz ýaly, Owganystandaky we Pakistandaky howpsuzlyk ýagdaýy durnuklylykdan geçen, howply we hopukdyryjy. Bu hili howpsuzlyk ýagdaýynda beýle uly proýektlere başlamak we olary durmuşa geçirmek aňsat däl” diýip, Kadyr Habyp aýtdy.

Žurnalistiň tassyklamagyna görä, häzirOwganystanyň territoriýasynyň 40 prosentine golaýy ol ýa beýleki ýagdaýda “Talybanyň” kontrollygynda galýar, bu ýurtda 20 çemesi jeňçi topar hereket edýär we olar häzir bu hili proýektleriň amala aşmagynyň öňündäkiiň uly mesele bolup durýar.

Bellemeli ýeri, bu hili energiýa proýektlerinden uly peýda tapmaly ýurtlaryň biri bolan Pakistan jeňjilere aşaklykdan goldaw bermekde tankyt edilýär. Golaýda amerikan senatynyň ýokary derejeli delegasiýasy Owganystana we Pakistana sapar etdi bu mesele ýene bir gezek gün tertibine geldi. Emma Yslamabat bu aýdylýanlary ret edýär.

Türkmenistan häzir TOPH geçirijisiniň öz topragyndaky bölegini gurmak bilen meşgul.

XS
SM
MD
LG