Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Özbegistanyň, Täjigistanyň prezidentlerini Aziadanyň açylyşyna çagyrdy


Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Şawkat Mirziaýew (s), Awaza, maý, 2017.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Şawkat Mirziaýew (s), Awaza, maý, 2017.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň we Täjigistanyň prezidentlerini Aziada-2017 sport ýaryşynyň açylyş dabarasyna çagyrdy.

17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna Orsýetiň, Owganystanyň, Gazagystanyň we Ermenistanyň prezidentleriniň hem çagyrylandygy habar berilýär.

Metbugat habarlaryna görä, Türkmenistana Aziýa oýunlary wagtynda 5 müňe golaý sportçy, 2,5 müň tälimçi, 10 müň hünärmen, 1,5 müň metbugat işgäri, 200 müňe golaý daşary ýurtly sport muşdagy geler diýip çaklanylýar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýurdyň “abraýyny has-da belende galdyrjagyna” garaşýarlar.

Ýurduň taryhynda iň uly halkara sport çäresini geçirmek üçin Aşgabatda gurulan Olimpiýa şäherçesine azyndan 5 milliard dollar sarp edildi, şeýle-de 2 milliarddan gowrak dollaryň harçlanmagynda täze aeroport guruldy.

XS
SM
MD
LG