Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-Orsýet gatnaşyklary ýaramazlaşýan wagty, Tramp ilkinji gezek Putin bilen duşuşýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp (çepde) we rus prezidenti Wladimir Putin.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 6 aýlyk prezidentlik döwrüniň belki-de iň bir derwaýys duşuşugyny amala aşyrýar. Trampyň rus lideri Wladimir Putin bilen ikiçäk duşuşygy, Birleşen Ştatlary bilen Russiýanyň arasyndaky ýaramazlaşýan krizisi aradan aýyrmagy maksat edinýär.

Trampyň ýannwar aýynda prezidentlik wezipesine girişeni bäri Kremliň hereketleri oňa kölege salýan wagty Birleşen Ştatlaryň ýurt baştutany Putin bilen yowuzlaşýan Siriýa söweşi, Ukrainada dowam edýän çözgütsiz çaknyşyklar, kiber hüjümleri, Demirgazyk Koreýanyň raketa synaglary we terrorizme garşy göreş ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

Gürrüňi edilýän duşuşyk Germaniýanyň Hamburg şäherinde senagat taýdan ösen döwletleriň gatnaşmagynda gurnalýan “20-ler sammitiniň” gapdalyndan geçirilýär. Bu sammit Ak tamyň “söwda gatnaşyklar” we “klimatyň üýtgemegi” ýaly beýleki käbir meselerlere garaýyşlaryny anyklamak üçin hem ýakyndan yzarlanýar.

Tramp gaýta-gaýta Moskwa garşy täzeden çemeleşilmegine çagyryp iki tarapyňam bähbitlerine gabat gelýän dürli ugrurlaryň bardygyny aýdyp gelýär.

Ýöne kongresde dowam edýän birnäçe derňeweler, şeýle-de geçen ýyl geçirilen prezidentlik saýlawlaryna Russiýanyň ilteşigi we Trampyň adamlarynyň rus resmileri bilen gatnaşyklary boýunça Federal derňew býurosynyň (FBI) alyp barýan işleri Trampyň synanyşyklaryna kölege salýar.

Hepdäniň başynda Kremliň daşary gatnaşyklar boýunça ýokary derejeli maslahatçysy Ýuri Uşakow Moskwada habarçylara: “Halkara terrorizme garşy, neşe söwdasyna, gurmaçylykly jenaýatlara garşy göreşmekde, köpçülikleýin gyrgynçylyk ýaraglarynyň ýaýramygynyň öňüni almak ýaly ugurlarda bilelikde hereket etmek üçin Russiýa bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda degerli potensiýal bar”, diýdi.

“Tramp bilen gürrüňdeşlikde ýaraglaryň gözegçiligi we strategiki durnuklylyk meselerleri hem gozgalar, sebäbi ýadro ýaraglary babatda iň güýçli iki döwlet hökmünde Russiýa bilen Birleşen Ştatlaryň aýratyn jogapkärçilikleri bar”, diýip media maglumatlary onuň sözlerini sitirleýär.

Ak tam häzire çenli ýurduň Trampdan öňki prezidenti Barak Obamanyň döwründe Russiýa garşy girizilmäge başlanan çäreleriň badyny gowşatmady.

2014-nji ýylda Ukrainananyň çägindäki Krym ýarym adasyny anneksiýa etmegi sebäpli Russiýa garşy girizilen sanksiýalar öz güýjünde galýar. Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň ‘2016-njy ýyldaky saýlawara Russiýa işjeň gatyşdy’ diýip gelen netijesi nazara alnyp dekabrda güýje girizilen sanksiýalar üçin hem ýagdaý şeýle.

Dekabrda görlen çäreleriň çäginde Merliend we Nýu Ýork şäherlerinde ýerleşýän rus diplomatiki binalar toplumlary orslaryň elinden alnypdy. ABŞ-ly resmiler ruslaryň agzalýan binalary aňtaw maglumatlaryny toplamak maksady bilen ulanýandygyny aýdypdy. Moskwa bu mesele dogrusynda gaýta-gaýta şikaýat edip geldi we geçen aý Russiýanyň Daşary işler ministrligi, eger-de şol toplumlar yzyna gaýtarylmasa Birleşen Ştatlaryň [Orsýetdäki] käbir diplomatiki emläkleri konfiskasiýa ediler, diýip haýbat atdy.

Siriýada-da dartgynlylyk ýitileşýär. Ol ýerde Waşington bilen Moskwa “Yslam döwleti” söweşijilerini dargatmak ugrunda käbir ysnyşykly bähbitleri ýol goýjak bolýar. Ýöne Siriýanyň prezidentini goldamakda jür Moskwa sebäpli, şeýle hem adaty raýatlara himiki hüjüm edilmegi bilen agzalýan “ysnyşykly bähbitler” çaprazlyga duçar boldy.

Şol bir wagtda, Phenýan täze raketa hüjümini synady diýilmeginiň yzýany Ak tam Demirgazyk Koreýa garşy has ýowuz çäreleri görmekde Russiýanyň goldawyna daýanjak bolýar.

Tramp duşuşykdan bir gün öň Polşa eden saparynda Moskwany ynjalyksyzlandyrjak käbir hereketlere baş goşdy.

Ol NATO şertnamasynyň iň möhüm elementi bolan 5-nji maddasynyň arkasynda durýandygyny aç-açan aýtdy. Bu madda NATO-nyň bir ýurduna hüjüm edilmeginiň onuň ähli agzasyna hüjüm edilmegini aňladýandygyny tassyklaýar.

Munuň şeýledigi, öň Sowet Soýuzynyň düzüminde bolup soňra NATO goşulan Polşanyň we üç Baltika ýurdunyň howpsuzlygyna kepil geçilýändigni aňladýar. Agzalýan ýurtlar soňky ýyllarda harby taýdan ýitileşýän rus agalygyna alada bildirýärler.

Şeýle-de, Ak tam şu ýylyň aýagyna çenli bahasy 7.6 milliard amerikan dollaryna barabar “Patriot” howa hüjümlerinden goranyş ugamlaryny Polşa ugradar. Birleşen Ştatlaryň howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň Merkezi Ýewropa ýerleşdirilmegi mundan ozal Russiýanyň gaýta-gaýta şikaýat etmegine getiripdi. Obama administrasiýasy hem Moskwa bilen gatnaşyklary “kadalaşdyrmak” üçin 2009-njy ýylda gürrüňi edilýän goranyş ulgamlary babatdaky meýilnamalaryny ýatyrypdy.

Tramp Polşany Birleşen Ştatlarda öndürilen suwuklandyran gaz bilen üjün etmek boýunça uzak möhletli ylalaşyga-da hyjuwly çemeleşdi. Munuň amala aşyrylmagy Polşanyň rus gazyna garaşlylygyny ýeňleder.

Warşawanyň Krasinkiý skwerinde eden çykyşynda Tramp, Russiýa “Ukrainada we beýleki ýerlerde durnuksyzlaşdyryjy hereketlerini bes etmegi” boýunça çagyryş etdi.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň lideri özüniň ýeňiş gazanan saýlawlary babatda aňtaw gulluklarynyň hem-de Kongesdäki köp sanly demokratdyr respublikanlaryň Russiýanyň saýlawlara işjeň gatyşandygy boýunça ylalaşýan netijelerine kembaha garamak bilen çykyş etdi.

6-njy iýulda Warşawada geçiren metbugat ýygnagynda Tramp, ruslaryň saýlawlara galtaşygy barada özüne berlen soraga “Hakykatda hiç kim muny anyk bilmeýär” diýip jogap berdi.

Tramp administrasiýasynyň hususan-da söwda syýasatynyň ugurlary barada berjek uçlaryny aňmak üçin Trampyň “20-ler toparyndaky” çykyşyny ýakyndan synlamak zerur bolup durýar.

Tramp geçen ýyl prezidentlige dalaşgär hökmünde Obama administrasiýasynyň gol çeken giň gerimli söwda ylalaşyklaryna garşy kampaniýa alyp bardy. Onuň kampaniýalary söwda babatda “Ilki bilen Amerika” şygary astynda şöhlelendi.

Ol Ýuwaş umman sebiti bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýýan ylalaşygy ýatyrdy. Şeýle-de Trampyň administrasiýasy Birleşen Ştatlar, Meksika we Kanada bilen söwda gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan “NAFTA” ylalaşygyna täzeden seretmegi meýilleşdirýändiklerini Kongrese duýdurdy. Ol 23 ýyllyk ylalaşygy “şu wagta çenli gol çekilen iň erbet söwda ylalaşygy” diýip häsiýetlendirdi.

Tramp administrasiýasynyň klimatyň üýtgemeginiň ylmy düşündirişlerine aç-açan äsgermezlik bilen çemeleşmegi ýewropaly we aziýaly ýaranlary aladalandyrýar. Geçen aý Tramp Birleşen Ştatlaryny 2015-nji ýylda gol çekilen Pariž ylalaşygyndan çekmäge niýetlenýändigini mälim etdi. Klimatyň üýtgemegine garşy Pariž ylalaşygynyň çäginde zyýanly gazlary azatlmak boýunça Birleşen Ştatlaryň öz üstüne alan borçlary bar.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 20-ler sammitine gatnaşyjy liderleriň “terrorizme garşy göreş”, “klimatyň üýtgemegine garşy çäreler”, “finans bazarlarynyň düzgünleşdirilmegi” ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy. Merkel sentýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda täzeden saýlanmagy maksat edinýär.

Hamburgda iki günläp dowam etjek sammitiň dowamynda müňlerçe aktiwistiň globallaşmaga garşy protest çärelerini geçirmegine garaşylýar.

Merkel gepleşikleriň çäginde “erkin, kanuna esaslanýan we adalatly söwda” esasy temalaryň biri bolar diýdi.

Ol: “Ýeňil bolmadyk gepleşikleriň geçiriljekdigini göz öňüne-de getirip bilýänsiňiz. Globallaşmak iki tarapa-da bähbitli utuşly ýagdaýy kemala getirip biler. Hökman biri ‘utmaly’ beýleki ‘utulmaly’ diýlen ýeri ýok” diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG