Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk ýolunyň tomusdaky güzaplary


Talyplar Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly ýörite taýýarlyklary geçmäge gatnaşdyrylýarlar.
Talyplar Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly ýörite taýýarlyklary geçmäge gatnaşdyrylýarlar.

Beýik dag gerişleriniň üstünden geçýän, birisiniň uzynlygy 8 kilometre, beýlekisiniň uzynlygy 12 kilometre barabar bolan saglyk ýolunyň güzaplarynyň şu günler talyplaryň gerdenine düşýändigi aýdylýar.

“Ýokary okuw we ýörite orta okuw jaýlarynyň talyplary 5-nji Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly tomusky dynç alşa goýberilmediler” diýip, talyp Merdan aýdýar.

Talyplar ýörite taýýarlyklary geçmäge gatnaşdyrylýarlar. Bu taýýarlyklaryň olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynda we beýleki sport desgalarynda geçýändigini aýdyp, Merdan sözüni dowam edýär.

“Sport çärelerinden daşary hem, her gün haýsydyr bir ýokary ýa-da ýörite orta okuw mekdebiniň talyplary saglyk ýoluna çykarylýarlar. Saglyk ýoluny geçmeli talyplaryň ol ýere bellenen wagtynda barmaklary üçin, talyplar ir sagat 4-de ukudan turup, ýola çykmaly bolýarlar.

Entek awtoulag gatnawlary başlamanka talyplar taksä münüp, saglyk ýoluna barmaly bolýarlar. Adam başyna ýol nyrhy üçin 10 manat tölemeli bolýan talyplara bu pul az çykdajy bolmaýar” diýip, Merdan aýdýar.

Sekiz kilometrlik ýoly geçmeli bolýan talyplar ilkinji kilometrleri höwes bilen geçýän bolsalar-da, soňabaka günüň ýokary galmagy bilen, ýoluň ýarpydan gowuragyny gyzgyn gün şöhleleriniň aşagynda geçmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Bu synaglara erkek oglanlar çydam etseler-de,talyp gyzlaryň köpüsi üçin bu ýoly geçmek juda agyr düşýär. Ozal hem çärelerden surnugýan, wagtynda iýip-içip bilmeýän talyp gyzlaryň orta ýolda özünden gidip ýykylýanlarynyňam, orta ýoldan yzyna gaýtmakçy bolýanlarynyňam bardygy aýdylýar.

“Emma bellenen toparyň sanawynyň gözegçilige alynýanlygy üçin, saglyk ýolunyň aňyrsyna çykyp bilmedik talyba okuwdan çykarylmak howpy bilen haýbat atylýar.

Şol sebäpli bu ýoly geçmäge ýaramaýan talyplar hem, oturyp-turyp, howanyň has hem yssysynda galan ýoly geçmäge mejbur bolýarlar” diýip talyplar aýdýarlar.

Saglyk ýoluny geçmeli talyplara gözegçilik edýän mugallymlaryň hem ýagdaýnyň öwerlik däldigini olardan eşitse bolýar.

Adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýokary okuw mekdebiniň mugallymynyň aýtmagyna görä, öz çagaňy şeýle zuluma iteklemäge dözmeýärsiň, ýöne işiň bilen hoşlaşmajak bolsaň, ýokardan gelýän görkezmäni ýerine ýetirmeli bolýarsyň.

“Wagtynda iýip-içmeýän talyplaryň saglyk ýagdaýlarynyň pesdigini görýäris, olara ýüregiň hem awaýar. Ýöne görkezmäni ýerine ýetirjek bolsaň, ähli zada göz ýumup, zalymlyk derejesini ele almaly bolýarsyň, bu bolsa mugallymlaryň öz ýüregine hem az agram salanok” diýip, bir mugallym aýdýar.

“Gyş ýa bahar aýlary saglyk ýoluny geçmäge ugratsalar bu ýene-de ýeňilräk bolýar. Emma günüň ýanyp dogýan şu yssy günlerinde bu çäreleriň geçirilmegi, talyplara zulum edilmegi” diýip, bu çärelerden ýagyr bolan talyplar zeýrenýärler.

“Tomus kanikulynda öýe goýberilmedigimiz bir ýana, dem-dynç alyp bilmeýänimiz hem bir ýana, çäreden-çärä gatnap halys surnugýarys. Berilýän talyp haklarymyzy hem dürli bahanalar bilen elimizden alýarlar. Käte çörek pulumyz hem bolman, ýene-de ene-atalarymyzdan pul ugratmaklaryny soraýarys. Dürli çärelere gatnamak üçin, ýol kireýleri hem talyplary halys ýykýar” diýip, talyplar nygtaýarlar

XS
SM
MD
LG