Sepleriň elýeterliligi

Hamburgda Uly-20 sammiti başlanda zorluk boldy


Hamburgda “20-ler toparynyň” sammiti başlajak wagty zorlukly eden-etdilikler ýüze çykdy.

7-nji iýulda Hamburgda “20-ler toparynyň” sammiti başlajak wagty zorlukly eden-etdilikler ýüze çykdy. Topalaňçylar polisiýa merkezlerine hüjüm edip polisiýa ulaglaryny oda berdi, diýip häkimiýetler aýdýarlar.

7-8-nji iýulda dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň liderleri söwda we klimatyň üýtgemegi boýunça jedelli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnananda eden-etdilikli çaknyşyklar ýüze çykdy. Sammitiň çäginde Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň duşuşygyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýar.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan Klod Janker habarçylara ýüzlenip eden çykyşynda, ýygnaga gatnaşyjy liderleriň Hamburgyň köçelerinde turan oňşuksyzlyklara “parhsyz garamaýandygyny” aýtdy.

Uly-20 sammitiniň bosagasynda çäräniň geçirilýän ýeriniň gabadynda “antikapitalist” protestçiler bilen polisiýa güýçleriniň arasynda çykan oňşuksyzlykda onlarça polisiýa işgäri we protestçi ýaralandy.

7-nji iýulda şäheriň polisiýa merkezine hüjüm edilip polisiýa ulaglary oda berlensoň Hamburg polisiýasy eden-etdiligi basyp ýatyrmak üçin degişli ýerlere suw toplaryny ýerleşdirdi.

Polisiýa güýçleri käbir demonstrantlary güýç bilen çekeläp ýygnanan jemendäni dargatjak bolanda käbir protestçiler “Biz parahatçylykly. Siz näme?”, diýip gygyryşdylar.

Germaniýanyň Federal polisiýasy, Hamburg şäheriniň Altona etrapçasynda tutaşdyryjy enjamlary oklap polisiýanyň ulaglaryny oda beren “zorluga baş goşan adamlary ýygnamak üçin operasiýa başlaýarys” diýip Twitterde ýazdy.

Polisiýanyň ýaýradan maglumatlarynda, 6-njy iýul güni agşam ara bolan çaknyşyklarda 75 polisiýa işgäriniň ýaralanandygy, olardan üçüsiniň hassahanada bejergi almaly bolandygy aýdylýar. Şeýle-de maglumatlarda, polisiýa dikuçarynyň uçarmanlarynyň gözlerine lazer çyralarynyň tutulandygy we şol sebäpden olaryň gözlerine şikes ýetendigi habar berilýär.

Haçan-da käbir demonstrantçylar eden-etdilikli bulam-bujarlyklara baş goşup; süýşe zyňyp, aýnalary döwüp, ulaglary we ýol ugra beýleki zatlary oda berende olardanam köp sanly ýaralananlar boldy.

6-njy iýulda 13 müň protestçi köçä çykdy, olardan 1000-i ýüzlerine maska geýen anarhistlerdir. Polisiýa gulluklary, sammitiň hepdesoňy geçiriljek oturylyşygyny protest etmek üçin 100 müň çemesi protestçiniň şähere inmegine garaşýandygyny aýtdy. Germaniýa howpsuzlygy üpjün etmek üçin 20 müň polisiýa işgärini tabşyryga belledi.

''Gürrüň köp”

Tramp bilen Putiniň arasynda geçiriljek duşuşyk, Uly-20 sammitiniň güntertibindäki agramly meselelere kölege salar diýlip garalýar. Iki lider, Tramp ýanwar aýynda wezipe başyna geçeli bäri ilkinji gezek ikiçäk duşuşýarlar.

Siriýada we Ukrainada dowam edýän çaknyşyklar, şeýle hem Birleşen Ştatlaryň prezidentlik saýlawlaryna Russiýanyň goşuldy diýilmegi ýaly ikitaraplaýyn gatnaşyklara päsgel berýän meseleleri aradan aýyrmak ugrunda iki lider maslahat ederler.

Tramp 7-nji iýulda dünýä liderleri bilen geçirjek ýygnaklaryna salgylanyp, şeýle-de habar serişderlerini tankytlap öz Twitter hasabynda: “Men bugün Wlaidmir Putin bilen duşuşygy hem öz içine alýan dünýä liderleri bilen geçiriljek duşuşyklara sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Köp zady maslahatlaşmaly, gürrüň köp!”, diýip ýazdy.

Trampyň administrasiýasy Russiýanyň Krym ýarym adasyny basyp almagy we gündogar Ukrainada ýaragly seperatistleri goldamagy sebäpli Russiýa garşy girizilen sanksiýalary hem öz içine alýan basyşlary aç-açan saklap galsa-da, Tramp Moskwa bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada gaýta-gaýta çykyş edip gelýär.

Şeýle-de, Birleşen Ştatlaryň aňtaw resmileriniň “2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Trampyň ýeňşine ýardam bermek maksady bilen Kreml kompýuter hüjümini amala aşyrydy we propaganda kampaniýasyny alyp bardy” diýip gelen netijisi Tramp administrasiýasyny agyr güne salýar.

Aňtaw resmileriniň gelen netijeleri Kongresde we FBI-de Birleşen Ştatlarynyň prezidentiniň adamlary bilen rus resmileriniň gatnaşygyny barlaýan derňewleriň alnyp barylmagyna ýol açdy.

6-njy iýulda Warşawada eden çykyşynda Tramp Russiýany “Ukrainada we beýleki ýerlerde özüniň durnuksyzlandyrjy gylyklaryny bes etmäge” çagyrdy. Şeýle-de, Tramp Waşingtonyň NATO-nyň öňündäki borçlaryna ygrarly galýandygyny nygtady. Putin uzak wagtdan bäri NATO-ny Merkezi Ýewropada dartgynlylygy tutaşdyrmakda aýyplap gelýär.

Ilkibaşda Tramp NATO-nyň ýerlikliligine, aktuallygyna we ýaranlygyň özara gorag prinsipini saklamakda Waşingtonyň borçnamalaryna soragly garaýardy.

Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Donald Task 7-nji iýulda Hamburgda žurnalistlere Birleşen Ştatlaryň Warşawada eden çykyşynyň “garaşylmadyk tama ödeýän” häsiýetde bolandygyny aýtdy.

Task Janker bilen bilelikde geçiren metbugat duşuşygynda: “Biz prezident Trampdan şeýle sözlere uzak wagtdan bäri garaşyp gelýärdik. Ýöne esasy sorag, eýsem bu çykyş bir gezeklik gürrüňmidi ýa-da täze syýasatmy?”, diýdi.

Söwda we klimat dartgynlylygy

Sammitiň öňýany transatlantik ýaranlykda dartgynlylyk möwjeýär.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel güýçli ykdysadyýete eýe 20 ýurduň liderleriniň umulykda ýaýratjak beýanatynyň terrorizmi, söwdany, üýtgeýän klimaty we migrasiýany öz içine alýan ähli meselelere salgylanmaly mazmuny babatda ylalaşyga barjak bolup kösenýär.

6-njy iýulda Merkel bilen Tramp duşuşansoň Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabriel, iki ýaranyň söwda we klimat babatda “görnetin tapawutly” garaýyşlara eýedigini ýöne şol bir wagtyň özünde olaryň ylalaşýan meseleleriniňem bardygyny aýtdy.

Gabriel döwlet eýeçiligindäki ARD kanalynda eden çykyşynda: “Esasy mesele amerikanlar global söwdada henizem hökman Amerika ýeňmeli diýip pikir edýärlermi, ýa-da biz amerikanlara oýny her kimiň umumy düzgünlere laýyklykda oýnamylydygyny, şonda hemmä bähbitli boljakdygyny düşündirip bilerismi?”, diýdi.

Uly-20 liderleri proteksionizme garşy göreşmekde yzygiderli tagalla edip gelýärdi, ýöne Trampyň “ilki bilen Amerika” söwda syýasaty ol wezipe başyna geçeli bäri dünýä liderleriniň globallaşmak we söwda ugurlary boýunça ylalaşmazlygyna getirdi.

Janker 7-nji iýulda eden metbugat çykyşynda, eger-de Waşington poladyň söwdasyna ýokary salgytlary talap edip başlasa Bileleşige agza 28 ýurt muňa jogap gaýtarjakdygyny mälim etdi.

Janker: “Eger-de Birleşen Ştatlar Ýewropadan import edýän poladyna salgyt girizse Ýewropa dessine we deň derejede jogap gaýtarar”, diýdi.

Merkel: “Trampyň 2015-nji ýylda gol çekilen klimat boýunça Pariž ylalaşygyndan çekilmegi klimat meselesinde dünýä liderleriniň umumy ylalaşyga gelmek ähtimallygynyň pesligini aňladar. Ylalaşyga beýleki liderler gol çekipdi. Köp sanly beýleki ýurtlar Pariž paktyny amal aşyrmak isleýär we käbir döwletler bütin dünýäde ýylylygyň artmagyna garşy görülmeli çäreleri ýygjamlaşdyrmaga çagyryş edip gelýär”, diýdi.

Kansler: “Biz tapawutly garaýyşlarymyzy gizläp oturmarys, muňa derek biz resmi taýdan ylalaşmazlygy saýlap alarys”, diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de Merkel bilen Tramp duşuşygyň dowamynda Demirgazyk Koreýa, Ýakyn Gündogar we gündogar Ukrainada dowam edýän çaknyşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

6-njy iýulda Donald Tramp Günorta Koreýanyň prezidenti Mun Jae-in we Ýaponiýanyň premiýer ministri Şinzo Abe bilen resmi agşamlykda duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda liderler Demiragzyk Koreýanyň geçen hepde amala aşyran yklym ara raketa synagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

XS
SM
MD
LG