Sepleriň elýeterliligi

G20-niň liderleri sammitiň jarnamasy babatda ylalaşyga geldi


German kansleri Angela Merkel (S) ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen sammit mahalynda, Hamburg, 8-nji iýul, 2017 ý.

Dünýä liderleri 20-ler toparynyň Hamburgdaky sammitiniň jarnamasy babatda “böwsüji” ylalaşyga geldiler, emma klimat özgermesi babatdaky mesele gepleşikleriň ikinji gününde hem jedelli bolup galdy diýip, gepleşiklere ýakyn ÝB resmisi Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna aýtdy.

20-ler sammitiniň bileleikdäki beýanatynda, şol sanda “proteksianizme garşy göreş” sözünde ylalaşyga gelmek üçin kömekçiler daňdan sagat 2-ä çenli işlediler, Waşington bu aňlatmanyň ulanylmagyny islemedi diýip, resmi aýtdy.

Sammitiň beýemçisi, german kansleri Angela Merkel biraz öň gepleşige gatnaşyjylaryň 8-nji iýulda jemleýji jarnamany işläp taýýarlamak üçin entek esli iş etmelidigini aýtdy.

Halkara liderleri Germaniýanyň Hamburg şäherinde, 20-ler toparynyň sammitinde global söwda, klimat özgermesi we halkara terrorçylygyna garşy göreş barada maslahatlaşmak üçin ikinji gün toplandy.

Bu çäräniň geçýän ýeriniň golaýynda öten agşam ýene globallaşma garşy aktiwistler bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyk bolup, dünýäniň esasy ykdysadyýetleri bilen täze güýçlenýän ykdysadyýetleriniň liderleriniň duşuşygyna kölege saldy.

Bu gepleşiklere ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, rus prezidenti Wladimir Putin, Hytaýyň lideri Si Jinping, şeýle-de ýewropa we aziýa liderleri gatnaşýar.

“Roýters” ÝB-niň bir resmisine salgylanyp, jarnamanyň esasy meseleleriniň ylalaşylandygyny, emma ABŞ-nyň soňky beýanatda gazylyp alynýan ýangyçlaryň agzalmagyny talap etmegi sebäpli, klimat özgermesi meselesinde oňşulmaýandygyny aýtdy.

Ol resmi ýurtlaryň örän köpüsiniň gazylyp alynýan ýangyçlara salgylanmanyň 20-ler toparynyň soňky beýanatyna girizilmegine garşy durýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG