Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ÝOJ-lary bu ýyl 8 müňden gowrak student kabul eder


Birmeňzeş geýnen studentler
Birmeňzeş geýnen studentler

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni täze okuw ýylynda ýokary we orta hünär okuw jaýlaryna studentleri kabul etmek baradaky plany tassyklady.

2017-nji ýylda ÝOJ-larda okamak üçin 8 müň 308 student kabul etmek planlaşdyrylýar. TDH-nyň maglumatyna görä, bu 2016-njy ýylda okuwa kabul edilen studentler bilen deňeşdirilende, 1052 okuwçynyň kän kabul ediljegini görkezýär.

Şeýle-de, orta we başlangyç hünär mekdeplerine, degişlilikde, 8317 we25 müň okuwçy kabul ediler.

Şeýle-de prezident okuwa kabul edilende diňe okajak we zähmetsöýer okuwçylaryň saýlanmagyny tabşyrdy. Türkmenistanda bilim pudagynyň çagalar bagyndan başlap, ÝOJ-lara çenli, korrupsiýa çümendigi, bu ýagdaýyň esasan okuwçy orunlarynyň azlygy sebäpli döreýändigi aýdylýar.

Türkmenistanda her ýyl ýüz müň çemesi okuwçy mekdebi tamamlaýar. Resmi maglumata görä, şu ýyl Türkmenistanda 143 müňe golaý çaga birinji klasa barar.

XS
SM
MD
LG