Sepleriň elýeterliligi

Tramp-Putin elleşiginiň aňyrsynda ýatan many


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp (sagda) we rus prezidenti Wladimir Putin elleşip salamlaşýarlar.

Şu wagta çenli Moskwa bilen Waşingtonyň liderleriniň arasynda geçirilen duşuşyklaryň ählisi harby güýç, bütindünýä tertip-nyzamyna agalyk ugrunda bäsdeşlik we taryh nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýe bolup gelen bolsa, 7-nji iýul güni Wladimir Putin bilen Donald Trampyň arasynda geçirilen duşuşygy-da “taryhy duşuşyk” diýip häsiýetlendirmek öte geçildigi bolmaz.

Iki ýadro läheňiniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki wagtda soňky 30 ýylyň iň gowşak döwrüni başdan geçirýändigi ikuçsyzdyr.Bu ýagdaý Sowuk uruş döwründäki ýaly harby gapma-garşylyklar bilen utgaşaýarmyka diýip howatyrlandyrýar.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň ‘Russiýanyň saýlawlara gatyşmagy Trampy Ak tama getirdi’ diýip netijä gelmegi bilen Tramp özüniň alty aýlyk prezidentlik wezipesinde az agsamady.

Prezidentlik wezipesiniň üçünji möhletindäki Putin bolsa durgunlykdan soň galkynan ýaragly güýçleri dolandyrýar, özem giň meşhurlyga eýe. Ýöne onuň ýurdunda ykdysadyýet agyrlaşýar, ilaty ýaş taýdan körelişýär, korrupsiýa giňden ýaýran we syýasy sistema esasan Putiniň şahsyýetine garaşly.

Tramp Kreml bilen iki tarapa-da bähbitli gatnaşyklaryň ugurlaryny tapmak barada gaýta-gaýta çykyş edip gelýär. Bu ýagdaý ysnyşykly gatnaşyklar we oňyn çemeleşikler netijeli bolar diýip pikir eden Birleşen Ştatlaryň ozalky prezidentlerini ýada salýar.

Ruslar 2008-nji ýylda Gruziýa güýç bilen girenlerinden soň Barak Obama Putin bilen gatnaşyklary “gaýtadan kadalaşdyrjak” boldy.

Jorj W. Buşuň meşhur sözi bar; ol 2001-nji ýylda Putiniň gözleriniň içine seredip onuň “ruhuny duýup bilipdi”.

Bill Klinton bolsa Putinden öňki prezident Boris Ýelsin bilen “äbe-de-jüýje” ýalydy. 90-njy ýyllaryň agyr günlerinde Klinton Ýelsine direg bolupdy. Bir gezek sözüň göni manysynda, Ýelsin ýykyljak bolanda Klinton oňa direg boldy.

Eger-de Tramp taryhyň gaýtalanmagynyň öňüni alyp bilse, munuň özi eýýäm kiçi-girim üstünlik bolmaz.

Biz aşakda, iki lideriň ilkinji duşuşygy barada bäş maddada gürrüň edýäris.

Otagda kimler bardy?

Duşuşyga birnäçe gün galanda, Birleşen Ştatlary boýunça bilermenler we Russiýany synlaýan synçylar, Putin bilen Trampyň duşuşjak otagyna kimleriň kabul ediljekdigi bilen ýakyndan gyzyklandylar. Otagda iki ýurduň ýokary derejeli iki diplomaty, ýagny Reks Tillerson bilen Sergeý Lawrow bardy, şeýle-de terjimeçiler ýygnaga gatnaşdyryldy.

Otaga kabul edilmedikleriň arasynda Fiýona Hil bar. Russiýanyň içerki dinamikalaryndan, şeýle-de Putiniň tejribesinden, ulanýan dilinden we paýhasyndan habarly Fiýona Hiliň ýygnaga gatnaşdyrylmagyna köp sanly synçylar garaşýardy, ýöne onuň gatnaşdyrylmazlygy amerikan tarapyny ýokarda agzalan artykmaçlyklardan mahrum etdi. Tillerson Russiýa boýunça giň tejribä baý bolsa-da, onuň tejribesi esasan Russiýada alyp baran işewürlik çärelerinden, ýagny nebit läheňi ExxonMobil-e baştutanlak etmeginden we Russiýanyň nebit kompaniýasy “Rosneft” bilen şertnamalara gol goýmagyndan ugur alýar. Bu aralykda, daşary işler ministri hökmünde Lawrowyň iş tejribesi üç prezidentiň prezidentlik döwrüni öz içine alýar. Galyberse-de, onuň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklary Sowet lideri Leonid Brežnewiň döwründen gözbaş alyp gaýdýar.

Elleşip salamlaşyk

Trampyň dünýä liderleri bilen duşuşyklaryny synlaýan synçylar üçin onuň elleşip salamlaşyk prosesi we beden dili kesgitleýiji synag bolup durýar. Onuň premýer-ministr Şinzo Abeniň elini 19 sekuntlap gysmagy, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen elleşip salamlaşmak mümkinçiliginden ýüz öwürmegi, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen el slkişmeşekde taraplaryň biri goýberýänçä beýlekiniň güýç bilen çekelemegi ýaly hereketleri Trampyň daşary ýurt kärdeşlerine näme diýjek bolýanyny aňjak bolýan täze öwrenje psihologlar üçin gyzykly maglumat çeşmesi bolup durýar.

Trampyň Putin bilen elleşip salamlaşygy taraplar ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen ýygnaga başlamanka gurnalan surata düşüşlikde bolup geçdi, ýöne onuň dabarasy öňki agzalan salamlaşyk çärelerinden ýokary bolmady. Putin bilen Tramp ondan ozalam, haçan-da Uly-20 sammitine gatnaşýan liderler ýygnanyşýan wagty, näresmi häsiýetde elleşip salamlaşypdy. Gysga bir wideoda, haçan-da resmiler stoluň başyna geçýän wagtlary, Trampyň Putine elini uzadyşy we soň ýylgyryp Putiniň tirsegine kakyşy görkezilýär. Soňra olar birek biregiň gapdalynda duran wagty Trampyň Putiniň arkasyna kakyşy görülýär.

Tramp Putine: “Siziň bilen duşuşmak mertebe”, diýdi. Putin Trampa: “Siziň bilen duşuşýanyma örän şat”, diýip jogap gaýtardy.

Soňra Tillersona habarçylara: “Iki lider örän oňyn we ysnyşykly duşuşdy”, diýdi.

Olaryň ilkinji gezek elleşip salamlaşygy dolulygyna iki sekuntlap dowam edene çalym edýär.

Duşuşygyň dowamlylygy

Ilkibaşda agzalýan duşuşyk üçin bary-ýogy 35-40 minut göz öňünde tutulýandygy, munuň dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň liderleriniň gatnaşmagynda geçirilýän Uly-20 sammitiniň gapdalyndan geçirilýän diňe bir “salamlaşyk” duşuşygydy habar berlipdi. Ýöne duşuşyk soňlugy bilen takmynan 2 sagat çärýege çenli dagy uzady. Bu bolsa iki lideriň howanyň ýagdaýy barada, ýa-da haýsy galstugy näme üçin saýlandyklary barada gürrüň etmändiklerini alamatlandyrýar.

Abe bilen duşuşyga garaşýan Putin, habarçylara, giňişleýin maglumat bermezden özüniň Tramp bilen geçiren gürrüňdeşligi barada ikisiniň Ukrainany, Siriýany, terrorçylyga garşy göreşi, kiber jenaýatçylygy we kiber howpsuzlygy ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Entek hatda duşuşygam tamamlanmanka iki lideriň Siriýa boýunça ylalaşyga gelendigi barada myş-myş döredi. Siriýada Birleşen Ştatlary bilen Russiýa “Yslam döwleti” söweşijilerini dargatmak üçin parallel söweş alyp barýar, ýöne bu söweşde iki ýurt aýrybaşga serişdeleri ulanmak bilen aýrybaşga maksatlary-da göz öňünde tutýar.

Lawrow metbugat ýygnagynda, iki prezidentiň Siriýada ok-atyşygy bes etmek boýunça ylalaşyga gelendigini we bu çäräniň Siriýanyň käbir regionlarynda 9-njy iýuldan güýje girjekdigini aýtdy.

Öňümizdäki günlerde Moskwa bilen Waşingtonyň ikisindenem çykyşlaryň dowamyna garaşybermeli. Iki ýurtdanam mediada adynyň agzalmazlygyna soraýan çeşmelerden süzülip çykjak strategiki syzylmalar barada-ha gürrüňem ýok!

Tillerson soň özünden näme üçin duşuşygyň beýle uzaga çekendigi barada sorag soralanda, “Gürrüň edere mesele köpdi”, diýip jogap berdi.


Gozgalan we gozgalmadyk meseleler

Köplenç şeýle bolýar, aýratyn ähmiýetli duşuşyklaryň dowamynda gozgalmadyk meseleler edil gozgalan meseler bilen deň-derejede ähmiýete eýe bolýar. Lawrow Obama administrasiýasynyň, boldy diýilýän saýlaw gatyşygyna jogap hökmünde dekabr aýynda ruslaryň Birleşen Ştatlardaky diplomatik binalar toplumlarynyň ellerinden alynmagy boýunça meseleler babatda ylalaşyga gelinmändigini mälim etdi. Agzalýan mesele boýunça Russiýa göze-başa düşüp şikaýat edip gelýär we ar almak üçin Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky dimplomatik emläklerini olaryň ellerinden aljakdygyny aýdyp haýbat atýar.

Günüň ir sagatlarynda peýda bolan, Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky çaknyşyklary soňlandyrmak maksady bilen gol çekilen Minks ylalaşygyny tijemek üçin ýörite ilçi belländigi baradaky habarlara Lawrow bitarap reaksiýa bildirdi. Ýöne Lawrowyň we Tillersonyň çykyşlaryndan çen tutulsa, Minsk ylalaşygyna gol goýan taraplara, ýagny Russiýa, Ukraina, Fransiýa we Germaniýa şertnamanyň çägindäki borçnamalaryny berjaý etmekde basyş edilmegi boýunça nähilidir bir degerli ylalaşyga gelinmändigine düşünse bolýar.

Şeýle-de, Sowuk uruşdan bäri dowam edýän ýaraglaryň gözegçiliginiň bäsdeşligi barada Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda dowam edýän barlyşyksyz düşünişmezligiň esasy ugurlary hem agzalmady.

Trampyň Polşa eden saparynda eden çykyşlary barada hem ýygnagyň dowamynda gürrüň edilip edilmändigi soňundan agzalmady. Tramp Hamburga saparynyň öňýany Warşawada eden çykyşynda, Russiýanyň uzak möhletli garşydaşy NATO-nyň borçnamalaryna ABŞ-yň ygrarly galýandygyny tassyklady we Russiýany käbir ýewropa ýurtlaryny durnuksyzlaşdyrmakda tankyt etdi. Şeýle-de Tramp, Polşanyň ýaragly güýçlerine “Patriot” howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň satylmagyna razylyk berdi we Polşanyň Russiýa garşy duşmançylyk besleýän sagçy hökümetini täsirli öwdi.

Näbellilik

Tramp bilen Putiniň ikisi-de uly bir mesele bilen, ýagny Russiýanyň 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gatyşyp gatyşmandygy baradaky mesleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýöne bu uly meseläniň hatda “meseledigini-de” olaryň ikisi tä başdan bäri ret edip gelýär. Tillerson bu temanyň duşuşygyň dowamynda agzalandygyny we ol, Tramp ýygnagy açanda agzalýan aladany gürrüň etmek bilen söze başlandygyny aýtdy. Tillerson soňra ruslaryň, ýagny Putin bilen Lawrowyň ikisinden biriniň, saýlawa gatyşylandygy barada subutnama sorandygyny mälim etdi:

“Ruslaryň saýlawa goşulyşmagy barada prezidentimiz prezident Putine birden köp sapar basyş etdi. Putin gürrüňi edilýän gatyşygy ret etdi, meniň pikirimçe ol ozalam şeýle edip gelýär”, diýip Tillerson habarçylara aýtdy.

Bu aralykda, Lawrow Trampyň Putinden Russiýanyň saýlawlara gatyşmandygyny anyk eşidendigini öňe sürdi. Ol kiber jenaýatçylyklara garşy göreşmek we kiber howpsuzlygy üpjün etmek üçin taraplaryň bilelikde topar döretmek boýunça iki tarapyňam ylalaşandygyny aýtdy.

Ýöne, eger-de taryhyň uly gollanmadygy anyk bolsa, agzalýan gürrüňlerden netije çykmaz. Sebäbi, ruslar bilen amerikanlar ozalam kiber howpsuzlygy boýunça meselerlerde hyzmatdaşlyk etjek boldy. Soň görüp otursalar, Russiýanyň hökümet agentlikleri rus haker toparlaryny resmi we näresmi proýektlerde ulanyp başlady. Birleşen Ştatlary bolsa öz gezeginde rus hakerlerini giň gerimli kompýuter hüjümlerini amala aşyrmakda aýyplap jenaýat jogapkärçiligine çekdi we ekstradisiýa etdi.

Galyberse-de, ruslaryň saýlawlara gatyşygy boýunça meseleleri yzarlamak olaryň ikisi üçinem gyzykly bolmasa gerek. Trampyň, Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň gelen netijesini, ýagny Russiýanyň saýlawlara gatyşyp Trampyň peýdasyna netijelenmegine ýardam berendigini kabul etmegi diýmeklik onuň öz ýeňişini äsgermezligi diýmek bolýar we bu ýagdaýda onuň prezidentliginiň legitimliginiň we kanunylyygynyň sorag astyna alynmaklyk howpy bar. Putin üçin bolsa, Russiýanyň ABŞ-daky saýlawlara täsir edendigini boýun almaklyk, birnäçe ekspertleriň çaklaýşyna görä Waşingtonyň ýewropadaky köp sanly ýaranlarynda geçirilýän saýlawlara-da Russiýanyň gatyşmagyny tassyklaýandygynyň alamaty bolýar. Bu ýagdaý amerikanlary öz gezeginde ar almaga öjükdirip biler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG