Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukmanlar Nobel baýragynyň eýesi, ozalky tussag Lýu Siabonyň 'ýagdaýy gowy däl' diýýär


Hytaýly Nobel baýragynyň eýesi, ozalky tussag Lýu Siabo
Hytaýly Nobel baýragynyň eýesi, ozalky tussag Lýu Siabo

Hytaýly Nobel baýragynyň eýesi, ozalky tussag Lýu Siabonyň (Liu Xiaobo) saglyk ýagdaýyny barlan amerikan we german lukmanlary onuň terminal bagyr düwnüginiň soňky mütdetindegini tassykladylar diýip, hassanana resmileri 8-nji iýulda habar berdi.

Iki doktor, Pekiniň onuň saglygyna gowy seretmeýändigi baradaky halkara tankydyndan soň, Hytaýyň iň meşhur demokratiýa kampaniýaçysyny görmek üçin, demirgazyk-gündogardaky Şenýaň şäherine bardy.

Hytaýyň Medisina uniwersitetiniň Birinji hassahanasynyň beýanatynda daşary ýurtly ekspertleriň Lýuyň bejergi alýandygyny “dolly tassyklandygy” aýdylyp, onuň prognozlarynyň gowy däldigi boýun alynýar.

Daşary ýurt resmileriniň köpüsi Lýuyň daşary ýurtda bejergi almagyna rugsat berilmegine çagyrdy.

Lýu terminal bagyr düwnügi keseli diagnozy goýulýança tussaglykda saklandy diýip, onuň aklawçysy 26-njy iýunda aýtdy.

61 ýaşyndaky aktiwistiň 11 ýyllyk türme tussaglygyny tamamlamagyna 3 ýyl galypdy.

Ol 2009-njy ýylda, hökümeti agdarmaga niýetlenen işlere baş goşmakda aýyplanyp, sud edildi.

Lýuyň 2010-njy ýylda Nobel parahatçylyk baýragyna mynasyp bolmagy hyhtaý hökümetini gazaba çykardy, ol öz baýragyny alyp bilmedi.

XS
SM
MD
LG