Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň oglunyň Orsýetiň Klinton barada zyýanly maglumat berendigini aýdandygy habar berilýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ogly Donald Tramp, Waşington
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ogly Donald Tramp, Waşington

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ogly Donald Tramp Orsýetiň hökümetiniň Demokratik partiýasynyň öňki prezidentlik dalaşgäri Hillary Klinton üçin zyýanly maglumatyň çeşmesi bolup durýandygyny, bu mesele boýunça aklawçy bilen duşuşygynyň öňýany aýtdy, diýip Nýu Ýork Times neşri 10-njy iýulda habar berdi.

Neşir üç sany anonim çeşmäni sitirlemek bilen, 2016-njy ýylyň iýun aýynda geçirilen gepleşiklerde araçy bolup ýardam beren publisist Rob Goldstonyň prezident Donald Trampyň ogluna iberen elektron hatynda Kremliň potensial zyýan ýetiriji maglumat çeşmesidigini görkezendigini habar berdi.

Goldstone orsýetli aklawçy Natalia Weselnitskaýanyň ABŞ-nyň Demokratik partiýasyna bikanun goşant goşulandygy hakynda özünde maglumatyň bardygyny we munuň Trampyň ogly üçin peýdaly bolup biler diýip, aýdandygyny belleýär.

Trampyň ogly Weselnitskaýa bilen duşuşyp, Klintona zyýan ýetirip biljek maglumaty öwrenmäge razylyk berendigini boýun aldy.

Prezident Trampyň oglunyň Weselnitskaýa bilen şol duşuşygy hakynda Kongressiň öňüne çykyş etmäge çagyrylmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG