Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daýhanlar 'ýüpsüz daňmagyň' bes edilmegini isleýärler


Ahal, galla meýdany
Ahal, galla meýdany

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde şu ýyl bir million tonnadan sähel gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalandygyny aýdyp, oba hojalygy boýunça wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýat häkimlerine käýinç yglan etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1 million 600 tonna bugdaý hasylyny almagy planlaşdyrypdy.

Şol bir wagtda-da prezident Berdimuhamedow türkmen daýhanlary üçin daşary ýurtlara eksport edip boljak derejede galla öndürmäge mümkinçiligiň döredilendigini aýdýar.

Azatlyk radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, ýerli synçy Amanmyrat Bugaýewden bu diýilýän şertler barada daýhanlaryň näme pikir edýändigini sorady.

Daýhanlar 'ýüpsüz daňmagyň' bes edilmegini isleýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:34 0:00

XS
SM
MD
LG