Sepleriň elýeterliligi

Tramp owgan gyzlaryna ýaryş üçin ABŞ barmagyna goldaw berdi


Owganystanyň Herat şäherinden student gyzlar, 4-nji iýul, 2017

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-da geçiriljek ýaryşa gatnaşmak isleýän owganystanly gyzlaryň ýurda barmagyna rugsat almagyna ýardam berdi diýip, Ak Tamyň metbugat wekili Sarah Huckabee Sanders 12-nji iýulda aýtdy.

Owganystanyň günbataryndaky Herat şäherinden alty sany student 16-njy iýulda başlanýan ýaryşa gatnaşmak üçin ýüz tutupdy, emma ABŞ-nyň döwlet departamenti olara wiza bermekden iki gezek ýüz öwürdi, bu bolsa jemgyýetde närazylyk döretdi.

Trampyň meseläni öwrenip, goşulyşanyndan soň owganystanly student gyzlaryň Birleşen Ştatlara 10 günlük barmagyna kepil geçildi.

Trampyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Dina Powell “biz ýaş zenanlaryň bu delegasiýasyna buýsanman bilmeris olar şeýle-de alymlar. Olar owgan halkynyň iň gowusydyr... Olar Owganystanyň geljekki liderleri we öz ýurdunyň ygtybarly ilçileri” diýdi.

Tankytçylar wiza bermekden ýüz öwürmegiň Owganystan üçin ýalňyş yşaratdygyny aýdýarlar we bu ýurtda gyzlaryň bilim almagyna gadagançylyk girizen “Talybana” garşy ABŞ-nyň harbylarynyň söweşýändigini belleýärler.

Şeýle-de, ABŞ-nyň wiza bermekden ýüz öwürmegi bilen administrasiýanyň dünýäde aýal-gyzlaryň ornuny güýçlendirmek isleýändigi barada aýdanlaryny sorag astyna goýýar.

Ýaryşa 160 çemesi ýurt, şol sanda ilkinji gezek Eýran gatnaşýar diýip, guramaçylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG