Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Eýranyň ýadro ylalaşygyny berjaý edýändigini tassyklamagyna garaşylýar


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson, Waşington, 19-njy aprel, 2017.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson, Waşington, 19-njy aprel, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň Eýranyň öz ýadro programmasyny çäklendirmegi boýunça dünýä ýurtlary bilen baglaşan ylalaşygyny berjaý edýändigini indiki hepdede tassyklamagyna garaşylýar. Trampyň özi bu ylalaşygy tankyt edipdi.

Döwlet departamentinden Eýranyň 2015-nji ýylda baglaşylan halkara ylalaşygyny berjaý edip-etmeýändigi barada Kongresse 17-nji iýula çenli hasabat bermek talap edilýär. Ylalaşyga görä, Eýran öz ýadro programmasyny çäklendirýär we bu ýurda garşy girizilen halkara sanksiýalary ýatyrylýar.

Donald Tramp prezidentlige dalaş eden döwründe Eýran bilen baglaşylan ylalaşygy “ähli döwürlerde baglaşylan iň erbet ylalaşyk” diýip atlandyrypdy we ony “ýatyrmagy” wada beripdi. Emma Trampyň prezident wezipesine geçeli bäri onuň administrasiýasy Eýranyň halkara ylalaşygyny berjaý edýändigini boýun aldy we ABŞ-nyň hem şeýle etmelidigini belledi.

ABŞ Eýrana garşy ýadro meselesi bilen bagly sanksiýalary ýatyrdy, emma Eýranyň ballistik raketa programmasyna, adam hukuklary problemasyna we Tähranyň Ysraýyla garşy söweşijileri goldamagyna degişli sanksiýalary goldaýar.

XS
SM
MD
LG