Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurda gidýänlerden 300 dollar talap edilýär


Türkmenistanly ýolagçylar
Türkmenistanly ýolagçylar

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky we Stambuldaky çeşmelerinden gelip gowşan köpsanly maglumata görä, Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň milli howpsuzlyk gullugynyň parahorluga garşy göreş bölüminiň käbir işgärleri daşary ýurda gitmek isleýän raýatlardan, 300 amerikan dollary möçberinde paç tölegini talap edýärler.

Ýerli çeşmeleriň aýtmagyna görä, halk arasynda para-peşgeş ýa-da paç tölegi höküminde berilýän 100 Amerikan dollaryna "Gök alma" lakamy ulanylýar we bu paç soralan mahaly "3 gök alma getirip bermeli" diýilýär. Bu paç töleginiň ylaýta-da daşary ýurda gitmek isleýän işsiz zenanlardan berk talap edilýändigi öňe sürülýär.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň agzalmazlygy isläp Azatlyk Radiosyna ýüz tutan birnäçe maşgalanyň öňe sürmegine görä, Sakar etrabynda daşary ýurda gitmek isleýänleriň milli howpsuzlyk gullugynyň parahorluga garşy göreş bölümi bilen ilteşikli dokumentlerini ýörite oňaryp berýän, özi hem bir hususy dükan eýesi bolan telekeçi zenan bar. Olaryň sözüne görä, etrabyň daşary ýurda gitmek isleýän ýaşaýjylary 300 amerikan dollary möçberindäki pajy şol telekeçi zenanyň üsti bilen etrabyň milli howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine berýärler.

Azatlyk Radiosyna gowşan bu maglumat bilen baglylykda, şeýle ýagdaýyň bardygyny, Türkiýäniň dürli ýerinde ýaşaýan we işleýän Sakar etrabyndan bolan migrantlar hem tassyklaýarlar. Olar 300 dollarlyk paç tölegini ylaýta-da daşary ýurtlara gitmek isleýän käbir zenanlardan berk talap edýändiklerini aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, "3 gök alma" diýilýän paç tölegini beren işsiz zenanlar päsgelçiliksiz islän daşary ýurduna gidip bilýärler.

Azatlyk Radiosy bilen Stambulda söhbetdeş bolan Lebapdan bolan birnäçe migrant we söwda gatnaýanlar hem ýokarda aýdylýan maglumatlary tassyklamak bilen bir hatarda, daşary ýurda çykyş üçin 300 dollarlyk paç tölegini ýygnaýan Sakar etrabyndaky şol telekeçi zenanyň bir wagtyň özünde aýda 1-2 gezek Stambula söwda gatnaýandygyny we Türkmenistandaky öz dükanynda gadagan edilen alkogolly içgiler bilen çilimleri gizlinlikde satýandygyny sözleriniň üstüne goşýarlar.

Olar "3 gök alma" diýip talap edilýän 300 amerikan dollary möçberindäki paç tölegi barasynda resmileriň ýa-da araçylaryň hiç hili düşündiriş bermeýändigini bellemek bilen "alynýan şeýle puluň Aziada oýunlary bilen arabaglanşykly bolaýmagynyň ahmaldygyny" öňe sürýärler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda “Korrupsiýa we parahorluga garşy göreş hakyndaky kanun” esasynda, milli howpsuzlyk komitetiniň düzüminde “Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek boýunça döwlet gullugy” döredilipdi. Prezident G. Berdimuhamedow bu gullugyň korrupsiýa garşy göreş boýunça işlenip düzülen döwlet programmasy esasynda döredýändigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, 4-nji maýda prezident baş prokuror Amanmyrat Hallyýewi we ondan gowrak prokurory korrupsiýa bilen baglylykda wezipelerinden boşatdy.

Halkara guramalarynyň, şol sanda “Transparency International” guramasynyň ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan ýyllarboýy dünýä derejesinde iň korrumpirlenen ýurtlaryň arasynda görkezilýär.

XS
SM
MD
LG