Sepleriň elýeterliligi

MH17 uçarynda pida bolanlaryň hatyrasyna ýadygärlik açylýar


2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda Ukrainanyň gündogarynda partladylan MH17 uçarynyň galyndylary. Arhiwden alnan surat

Ukrainada partladylan MH17 uçarynda pida bolanlaryň hatyrasyna Niderlandlarda gurlan ýadygärligiň açylyş çäresine gatnaşmak üçin 2000-den gowrak adamyň ýygnanmagyna garaşylýar.

17-nji iýulda golland şasy Willem-Aleksandr (Willem-Alexander) we şa zenany Maksima, şeýle-de beýleki halkara resmileri Amsterdamyň aeroportunyň golaýyndaky “Vijfhuizen” seýilgähinde gurlan ýadygärligiň açylyş çäresine gatnaşarlar.

Bu çäräniň dowamynda 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda bolan betbagtçylykda pida bolanlaryň maşga agzalary heläkçilikdäki 298 ýolagçynyň we ekipaž agzalarynyň atlaryny okarlar.

Ukrainada partladylan uçaryň bortunda aglabasy gollandlardan ybarat 17 ýurduň, şol sanda Awstraliýanyň, Britaniýanyň, Malaýziýanyň we Indoneziýanyň raýatlary bardy.

Gürrüňi edilýän seýilgähde Malaýziýanyň howaýollary kompaniýasynyň uçarynda pida bolan 298 adamyň hatyrasyna ýaşyl lentanyň şekilindäki jemi 298 agaç oturdyldy.

XS
SM
MD
LG