Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran höküm edilen amerikan raýatynyň adyny mälim etdi


Eýranyň polisiýasy
Eýranyň polisiýasy

Eýran içalyçylykda aýyplanyp 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Birleşen Ştatlaryň raýatynyň şahsyýetini mälim edip, onuň Prinston uniwersitetiniň 37 ýaşly barlagçysy Xiyue Wangdygyny aýtdy.

Eýranyň sud ulgamynyň “Mizanonline” atly resmi websaýtynyň 16-njy iýulda beren maglumatyna görä, Hytaýda doglan Wang Eýrandan gitjek mahaly, ýagny 2016-njy ýylyň 8-nji awgustynda tussag edildi.

Maglumatda Wangyň Birleşen Ştatlaryň we Britaniýanyň guramalary, şol sanda Prinston, ABŞ-nyň Döwlet departamenti, Garward uniwersiteti we Britaniýanyň instituty üçin “örän gizlin makalalary” ýygnamak baradaky “syzyp geçme proýektiniň” bir bölegidigi aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti özüniň “Eýranda tussag edilen ABŞ raýaty Xiyue Wang bilen baglanyşykly maglumatlardan habarlydygyny” tassyklaýan beýanaty çap etdi.

“Biz Eýranda adalatsyz tussag edilen ähli ABŞ raýatlarynyň öz maşgalalarynyň ýanyna dolanyp bilmegi üçin, olaryň dessine azatlyga goýberilmegine çagyrýarys” diýlip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň beýanatynda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG