Sepleriň elýeterliligi

ÝB bilen Özbegistanyň arasynda ýokary derejeli syýasy duşuşyk geçirilýär


Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow

Uzak wagt häkimiýetde galan özbek prezidenti Yslam Karimow 2016-njy ýylda ýogalany bäri, Ýewropa Bileleşigi bilen Özbegistanyň arasynda iň ýokary derejeli syýasy ýygnak geçirilýär.

17-nji iýulda giçlik geçiriljek bu duşuşygyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň berk kontrollykda saklanylýan merkezi aziýa ýurdundaky syýasy, şol sanda adam hukuklarynyň ýagdaýyny öz içine alýan meseleleri gozgamagyna garaşylýar.

Ýewropa Bileleşigi-Özbegisan geňeşinde özbek daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Daşkente wekilçilik eder.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatlarynda Özbegistan bilen “özara gatnaşyklaryň täzeden dikeldilmegini” umyt edýändigini we Karimowyň ölüminden soňra häkimiýete gelen prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edilen käbir liberal ädimleriň bu babatda özlerini höweslendirendigini aýtdylar.

Bu duşuşyga Estoniýanyň daşary işler ministri Swen Mikseriň ýolbaşçylyk etjekdigi we onuň reformalar, adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy ýaly meseleleri gozgamagyna garaşylýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG