Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýranyň ýadro ylalaşygyny ýerine ýetirýändigini tassyklady


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson

17-nji iýulda giçlik Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy Eýranyň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny ýerine ýetirýändigini we onuň ýadro ylalaşygy bilen baglanyşykly sanksiýa ýeňillikleriniň dowam etjekdigini tassyklady, ýöne ballistik raketalar, ýokary tizlikdäki gaýyklar we beýleki meseleler boýunça sanksiýalary amala aşyrmagy wada berdi.

Bu Tramp öz wezipesine girişeli bäri agzalýan ylalaşygyň Eýranyň ýadro ýaraglaryny özleşdirmeginiň öňüni alýandygy barada onuň administrasiýasynyň eden ikinji çykyşy boldy. Mundan öň, Tramp öz prezident saýlawlary kampaniýasy döwründe bu ylalaşygy “häzire çenli baglaşylan iň ýaramaz ylalaşyk” diýip atlandyryp, ony “bozjakdygyny” söz beripdi.

Tähran bu ylalaşygyň borçnamalaryny ýerine ýetirýän mahaly, administrasiýa ony ballistik raketalary we ýokary tizlikdäki gaýyklary özleşdirmegi we synagdan geçirmegi dowam etmek arkaly ylalaşygyň, aýdylmagyna görä, “ruhuny ýa-da özenini” bozmakda tankyt etdi we munuň täze sanksiýalaryň girizilmegine getirip biljekdigini duýdurdy.

“Eýran Birleşen Ştatlaryň bähbitleri we regional durnuklylyk üçin iň uly howplaryň biri bolmagynda galýar” diýip, Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmisi aýtdy.

XS
SM
MD
LG