Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda ilkinji hususy bankyň binasy açyldy


“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky

Aşgabatda Türkmenistanyň ilkinji hususy bankynyň binasy açyldy

2011-nji ýylda ýurduň telekeçileri tarapyndan esaslandyrylan “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýurduň “maliýe ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilýän döwründe möhüm serişdeleriň birine öwrüldi” diýip, resmi türkmen mediasy habar berýär. Emma onuň ýerine ýetirjek anyk wezipeleri dogrusynda hiç hili maglumat berilmeýär.

Galyberse-de, bu soňky özgeriş energiýa serişdeleriniň bahalarynyň gaçmagy sebäpli, Türkmenistanyň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini aýdylýan döwrüne gabat geldi.

Bu aralykda, Türkmenistany ýakyndan yzarlaýan ekspertler ýurtda hususy bankyň açylmagynyň gijikdirilen bolsa-da, oňaýaly bir ädime meňzeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Brýus Panniýer bu ädimi “başlangyç” diýip atlandyrdy: “Bankyň edil häzir açylmagyny ýurtdaky ykdysady krizis bilen baglanyşdyryp bolar. Türkmenistan maliýe kynçylyklaryny eýýäm ençeme ýyldan bäri başdan geçirýän hem bolsa, munuň hötdesinden gelmek üçin, hiç bir netijeli çözgüt hödürlemändi. Bu ýagdaýlarda hususy bankyň açylmagyna oňaýly baha berip bolar”.

Şol bir wagtda, Panniýer bu bankyň nä derejede ýurtdaky režimden garaşsyz boljakdygyny sorag astyna alyp, bankyň eýeleriniň ýene-de hökümete ygrarly, onuň alyp barýan syýasatyny goldaýanlaryň boljakdygyny çaklaýar.

“Bu banka kim ýolbaşçylyk eder? Bilşimiz ýaly, ýurtdaky barlylaryň ählisi ýa hökümet bilen içgin gatnaşyk saklaýan telekeçiler ýa-da resmileriň özleri. Şeýle ýagdaýda, bankyň nä derejede ‘hususy’ boljakdygy sorag döredýär” diýip, Brýus belledi.

Gepiň gerdişine görä bellesek, Türkmenistanda hususy bankyň binasynyň açylmagy baradaky habar Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasyndaky ykdysady kynçylyklar, maliýe, pul meseleleri zerarly bank ýolbaşçylaryna berlen käýinçleriň yz ýanyna gabat geldi.

Ýatlatsak, ýurduň bank ulgamy boýunça geçirilen derňewleriň netijesinde, birtopar parahorluk faktynyň ýüze çykarylandygy mälim edilip, ençeme bank işgärleri tussag edilipdi. Munuň yz ýanyndan, prezidentiň karary bilen ýurtdaky käbir banklaryň gurluş düzümi hem üýtgedilipdi.

Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Brýus Panniýer hem bu ýagdaýlara ünsi çekip, häzir hökümetiň bank ulgamyndaky meselelere çözgüt hökmünde hususy bank sektoryny ornaşdyrmakçy bolýandygyny aýdýar.

“Emma hökümetiň doly gözegçiligindäki döwlet banklarynda uly möçberdäki korrupsiýa ýol berlen bolsa, hususy banklarda ýagdaý nähili bolar?! Bilşimiz ýaly, dünýäniň ähli ýerinde bolşy ýaly, hususy banklar döwletiňkä garanyňda has erkin bolýarlar” diýip, Panniýer pikirini jemledi.

Türkmenistanyň bank ulgamynyň esasyny döwlet eýeçiligindäki alty bank emele getirýär.

Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky daşary söwda we maliýe proýektirlenmesi bilen meşgullanýar. “Daýhanbank” – oba-senagat; “Türkmenbaşybank” – agyr senagat, transport, tele-kommunikasiýa, gurluşyk; “Türkmenbank” – jemgyýetçilik pudagy, şol sanda bilim, saglyk, ýeňil senagat; “Halkbank” – pensiýalar; we “Prezidentbank” – gozganmaýan emläk bilen meşgullanýarlar.

XS
SM
MD
LG