Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň dissidentleriniň maşgalalaryna basyş edilýändigi aýdylýar


Täjigistanyň kartasy

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy we Norwegiýanyň Helsinki Komiteti täjik resmileriniň 9-njy iýulda Germaniýada geçen konferensiýa gatnaşan parahat oppozisiýanyň 10 wekiliniň maşgala agzalaryny tussag edip, haýbat atandyklaryny aýdýarlar.

Dortmundda geçen konferensiýada Täjigistanda 1992-1997-nji ýyllar aralygyndaky graždanlyk urşunyň soňlanmagyna getiren ýaraşyk ylalaşygynyň baglanyşylmagynyň 20-nji ýyl dönümi bellenipdi.

Hukuk goraýjy toparlarynyň 19-njy iýulda ýaýradan bilelikdäki beýanatynda, täjik resmileriniň aktiwistleriň maşgala agzalaryny köpçüligiň öňünde masgara edip, ýurtdan çykmaklaryna gadagançylyk girizip, şeýle-de emläklerini döwletiň haýryna geçirmek bilen haýbat atypdyrlar.

Beýanatda hatda bir aktiwistiň gyzynyň zorlanjakdygy bilen haýbat atylandygy bellenilýär.

“Täjik hökümetiniň dissidentleriň garyndaşlaryna garşy alyp barýan aýylganç kampaniýasynyň gerimi we bihaýalygy barha artýar” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýeleşýän “Human Rights Watch” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça derňewçisi Stiw Swerdlow aýtdy.

Swerdlow “köpçülikleýin jeza bermek syýasatyny alyp barmaga has ýokary derejelerden görkezme berlendigini we bularyň derhal bes edilmelidigini” aýtdy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy we Norwegiýanyň Helsinki Komiteti ABŞ-a, Ýewropa Bileleşigne we beýlekilere ýüzlenip, “Täjigistanda barha artýan ar almalar” meselesini gozgamaga çagyrdylar.

Aktiwistler täjik prezidenti Emomali Rahmonyň 2015-nji ýyldan başlap oppozisiýa garşy basyşlaryny artdyrandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG