Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň sudy orsýetli-ysraýylly blogeri üç ýyl türmä höküm etdi


Azerbaýjanyň sudy orsýetli – ysraýylly bloger Aleksandr Lapşin

Azerbaýjanyň sudy orsýetli – ysraýylly blogger Aleksandr Lapşini, ýurduň territorial bütewüligini bozmak aýyplamasynyň esasynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

20-nji iýulda sud Lapşini Azerbaýjandan özbaşdaklygyny yglan eden Daglyk Garabag regionyna 2011-2012-nji ýyllarda birugsat barmakda, şeýle-de çapeden iki sany maglumatynda regionyň garaşsyzlygynyň ykrar edilmegine çagyrmakda günäledi. Lapşin şol günüň özünde tussag edildi.

Lapşin günäni ret edýär we regiona sapar edip, hiç hili syýasy herekete baş goşmandygyny we Daglyk Garabagy Azerbaýjanyň territoriýasy hasap edýändigini aýdýar.

Şeýle-de Ukrainanyň raýaty bolan 40 ýaşly Lapşin rus dilinde syýahatçylyk blogyny ýazýar. Ol dekabryň ortalarynda Bakuwyň talaby boýunça Belarusda tussag edilipdi.

Orsýetiň garşylygyna garamazdan, fewral aýynda Belarusyň häkimiýetleri Lapşini Baku tabşyrdylar.

XS
SM
MD
LG