Sepleriň elýeterliligi

AK Tam ABŞ Assadyň dessine çekilmegini talap etmeýär diýdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň terrora garşy geňeşçisi Tom Bossert

ABŞ Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň alty ýyl bäri dowam edýän graždan urşundan syýasy çykalga tapmaga synanyşmagy bilen baglylykda onuň dessine wezipeden çekilmegini talap etmez diýip, prezident Donald Trampyň terrora garşy geňeşçisi 20-nji iýulda aýtdy.

“Assadyň başda gitmelidigini aýtmak biz üçin möhüm däl, diýip pikir edýärin” diýip, Tom Bossert Koloradoda Aspen howpsuzlyk forumynda aýtdy.

Ak Tamyň bu pozisiýasy ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obamanyň syýasatyndan çürt-kesik tapawutlanýar. Obamanyň administrasiýasy Siriýada parahatçylygy ornaşdyrmak üçin syýasy çözgüdiň çäginde Assadyň çekilmegini talap edipdi.

Bossert Siriýada harby däl-de, syýasy çykalganyň zerurdygyny nygtady, şol bir wagtda-da ol Trampyň administrasiýasynyň Siriýanyň Assadyň goly astynda galmagynyň ýurduň parahatçylykly boljagyna umyt bermeýär diýip, hasap edýändigini aýtdy.

Soňky wagtda günbatar döwletleriniň ençemesi Assad babatyndaky pozisiýalaryny gowşadypdy.

XS
SM
MD
LG