Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

General Danford: Russiýa Amerikanyň ýüzbe-ýüz bolýan howplarynyň diňe biri


General Josef Danford
General Josef Danford

ABŞ-nyň iň ýokary derejeli harbysy howpsuzlyk maslahatynda Russiýa Birleşen Ştatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan “iň bir ukyply döwlet aktýory”, emma ol şu günki ýagdaýdaky köp sanly howpsuzlyk synaglarynyň diňe biri diýdi.

Birleşen ýolbaşçylar ştabynyň başlygy, general Josef Danford 22-nji iýulda Koloradoda guralan Aspen howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edip, “Russiýa… biziň edil häzir ýüzbe-ýüz bolýan howp-hatarlarymyzyň diňe biri, özem ol bu wehimleriň harby taýdan iň bir ukyplysy bolup durýar” diýdi.

Emma ol “biziň häzir hakykatda bu synagy aýratyn arzylamaga ýagdaýymyz ýok” diýdi.

“Görnetin, gaýragoýulmasyzlyk nukdaý nazaryndan, bu günki gün Demirgazyk Koreýa birinji orunda duran synag bolar” diýip, ol aýtdy.

“Gürrüňsiz, biz Eýrandan gündelik esasda gelýän gazaply täsir bilen iş salyşýarys. Zorlukly ekstremizme garşy göreşiň hem biziň dolulylygyna berlen tagallarymyzyň biridigi düşnükli. Şeýle-de biziň Ýuwaş okeanda hem käbir howpsuzlyk kynçylyklarymyz bar, şol sanda Hytaýyň ösüşi” diýip, ol aýtdy.

Birleşen Ştatlar Russiýanyň Ukrainada Günbatary “dowamly synamagynyň”, onuň Siriýadaky hereketleriniň we ABŞ-nyň uruş uçarlaryny “gižželemeginiň” garşysyna durmak üçin näme edip biler diýip soralanda, Danford Russiýa bilen iş salşylanda “ilkinji nobatda biz ýadro urşunyň öňüni almaga ukyply bolmaly we şu sebäpden biziň ýadro urşuny togtdajymyz bar” diýip jogap berdi.

Şeýle-de ol adaty harby goranyş mümkinçiliklerini saklamak hem-de, beýleki NATO ýaranlary bilen gatanaşyklary nygtap, “ýaranlar we hyzmatdaşlar” zerurlygyny belledi.

Ýöne ol Birleşen Ştatlar Russiýadan abanýan harby bolmadyk wehimlere hem garşy durmaga taýýarlykly bolmaly diýdi.

Russiýanyň “duşmançylykly ýaryşy” kiber mümkinçiliklerini we “informasiýany”, “adaty däl operasiýalary” hem öz içine alýar diýip, ol aýtdy.

Danford ABŞ-nyň aňtaw jemagatynyň Russiýa ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna gatyşdy diýen netijä gelmegini sorag astyna almaga hiç bir esas ýok diýdi.

Prezident Donald Tramp Russiýanyň 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy barada aýdylýanlara köplenç şübhe bildiripdi.

Siriýa babatda aýdylanda, Russiýanyň we Eýranyň bu ýurtda “giň ýaýrawly we uzak möhletlik bähbitleri bar”, onsoň bu konflikt uzaga çekdigiçe, şol ýaýrawly bähbitler has görnetin “ýüze çykar” diýip, ol aýtdy.

“Russiýa bilen Eýranyň Siriýadaky täsir üstünde bäsleşýändigini hem bellemeli” diýip, ol bu iki ýurduň Siriýanyň prezidenti Başar al-Asadyň hökümeti bilen gatnaşyklaryny nazara alyp aýtdy.

“Siriýa režiminiň bu nikasy, Russiýa Federasiýasy we Eýran bilen bile ýaşaşmagy başa barjak zat däl” diýip, ol aýtdy.

“Eýranyň bu sebitde isleýän zady Russiýanyň isleýän zadyndan başga... Olaryň perspektiwalaryny bir ýere sygyşdyrmak juda kyn” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol Yrakdaky eýran täsirleri barada aýdylýanlary, ýagny onuň “öňünden kesgitlenen” zat bolandygyny, bir hasabatda bolsa Yragyň Eýranyň proksi döwleti bolandygy barada gelnen nätijäni ret etdi.

“Men Yrakda birnäçe ýyl boldum. Meniň tejribäme görä, bu öňnünden belli netije däl” diýip, ol aýtdy.

“Meniň pikirimçe, Yrakda örän agramly yrak milletçiligi bar” diýip, ol olaryň serhet, medeni, dini we ykdysady bähbit babatdaky umumylykalaryny boýun alyp aýtdy.

“Biziň Yraga dowamly goldaw bermegimiziň sebäbi onuň saldamly syýasy gurluşynyň bolmagy... onuň garaşsyz bolmagyna ýol açmagy bilen bagly, garaşsyz howpsuzlyk güýçlerine eýe bolmak bolsa esasy zat” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG