Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ilaty tebigy baýlyklardan az peýda görýär


Aşgabatlylar
Aşgabatlylar

Tebigy serişdeleriň dolandyrylyşyny öwrenýän garaşsyz institut (Natural Resource Government Institute) 2017-nji ýyldaky täze hasabatyny – tebigy serişdeleriň ulanylyşynyň indeksini çap etdi.

Hasabatda ýurtlara 149 sany esasy sorag arkaly, 150 derňewçiniň onlarça müň tassyklaýjy dokument esasynda jogap bermegi bilen, 89 orundan ybarat baha berilýär.

Türkmenistan mümkin bolan 100 netijeden 11 netije gazanyp, sanawda iň soňkynyň öň ýanyndaky 88-nji orny eýeledi. Türkmenistandan yzda diňe Ertitreýa dur.

“Fergana” habar gullugy Türkmenistanyň we ýene 9 ýurduň 30 netijeden hem az alyp, “iň ýaman” diýen kategoriýa girizilendigini, bu ýurtlarda gazylyp alynýan baýlyklardan ilatyň peýda görmegini üpjün etmegiň praktiki esasynyň ýokdugyny, muňa derek peýdanyň bir topar kompaniýanyň we döwlet elitasynyň wekilleriniň elinde galmak ähtimallygynyň ýokarydygyny habar berýär.

Türkmenistan tebigy gaz gorlary boýunça dünýäniň dört döwletiniň hataryna girýär, emma onuň ilatynyň agramly bölegi, ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä,ömrüni esasan eli ýukalykda geçirýär.

XS
SM
MD
LG