Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl protestlere garamazdan Ierusalimde howpsuzlyk çäreleriniň saklanjagyny aýdýar


Al-Aksa metjidiniň girelgesi, Ierusalim, 23-nji iýul, 2017

Ysraýylyň häkimiýetleri soňky üç günüň dowamynda palestinler bilen adam heläkçilikli çaknyşyklara getiren protestlere garamazdan, Ierusalimiň dawaly mukaddes böleginiň daşyndaky metal anyklaýjy detektor gurallary aýyrmajagyny mälim etdiler.

Resmileriň 23-nji iýulda aýtmagyna görä, Ybadathana dagy (Hramowaýa gora) diýlip atlandyrylýan ýeriň daşynda metal anyklaýjy detektorlaryň ulanylmagynyň çäklendirilmegi ähtimal.

Häkimiýetleriň Haram la-Sharif metjidini öz içine alýan ýerde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek barada 21-nji iýulda yglan edilen kararynyň yzýany dörän zorluklarda ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşykda azyndan bäş palestin wepat boldy we üç ysraýylly palestin ýaş adam tarapyndan pyçaklanyp öldürildi.

Metal detektorlary oturtmak çäresi bilen bir hatarda ysraýylly häkimiýetler agzalan ýere 50 ýaşyna ýetmedik erkek adamlaryň barmagyny gadagan etdiler.

Ysraýyl bu çärelerini 14-nji iýulda iki polisiýa işgäriniň öldürilmeginden soň amala aşyrdy.

Palestina awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbas soňky howpsuzlyk çäreleri ýatyrylýança Ysraýyl bilen ähli kontaktlary ýatyrýandygyny aýtdy.

Ysraýylyň metal anyklaýjy detektor gurallary ýerleşdirmek karary premýer-ministr Benjamin Netanýahunyň 23-nji iýulda geçiren hökümet maslahatynyň yzýany geçirildi.

XS
SM
MD
LG