Germaniýanyň hökümeti Ukrainanyň, Russiýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň gündogar Ukrainadaky gandöküşikli söweşi soňlandyrmak üçin 2015-nji ýylda barlyşylan parahatçylyk ylalaşygyny berjaý etmegiň çäginde birnäçe “gyssagly çäre” görmek barada ylalaşyga gelnendigini mälim etdi.
Resmi Berlin “Normandy Group” toparyna girýän ýurtlaryň 24-nji iýulda, gün ahyrlaberende, gündogar Ukrainadaky ok-atyşygy bes etmek boýunça gelnen ylalaşygyň düzgünlerini bozýan ähli kanun bozmalary soňlandyrmaga çagyryş edendigini aýtdy. Gündogar Ukrainada Russiýanyň goldamagyndaky separatistler Kiýewdäki merkezi hökümetiň güýçleri bilen söweşýär.
Dört ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasynda iki sagatlap dowam eden telefon söhbetdeşliginden soň ýaýradylan beýanatda, orsýetçi söweşijiler bilen ukrain goşunlarynyň aralanmagy, şeýle-de agyr ýaraglary yza çekmegiň ähmiýeti bellenildi.
Ýöne görüljek anyk çäreleriň jikme-jiklikleri barada maglumat berilmedi.
2015-nji ýylda barlyşylan Minsk ylalaşygy gündogar Ukrainadaky konfliktleriň soňuna çykardan ejiz geldi. 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri dowam edýän çaknyşyklarda 10 müňden gowrak adam wepat boldy.
Ok atyşygy bes etmek boýunça ozal edilen çagyryşlaryň ählisi şowsuz boldy. Germaniýanyň kansleri Angela Merkel iýul aýynyň başlarynda geçirilen 20-ler toparynyň ýygnagynda, zorlugy soňlandyrmak dogrusynda edilen tagallalaryň “örän, örän haýaldygyny” aýtdy.
24-nji iýulda geçirilen telefon söhbetdeşliginde Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Russiýanyň separatistlere ýarag üpjünçiligini bes etmegini talap etdi we Russiýa bilen araçäkleşýän serhediň golaýyndaky çaknyşyk zonasyna Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk goşunlarynyň ýerleşdirilmegine çagyryş etdi.
Poroşenkonyň edarasyndan ýaýradylan beýanatda, separatist lideriň geçen hepde Ukrainanyň çäginde “Malorossiýa”, ýagny “Kiçi Russiýa” diýlip atlandyrylýan täze döwletiň esaslandyrylýandygyny yglan etmegini prezident Emmanuel Makron tankytlady diýildi.
Kremliň beýanatynda bolsa, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň [Minsk] ylalaşygynyň ähli esasy ugurlary boýunça Orsýetiň çemeleşigini aýratyn jikme-jiklikde hödürländigi aýdyldy.
Moskwa Ukrainanyň Krym regionyny bikanun anneksiýa edip gündogar Ukrainadaky separatistleri goldansoň, Birleşen Ştatlar we beýleki günbatar ýurtlary Orsýete garşy sanksiýa girizipdi.
Russiýa özüniň separatistleri ýarag we goşun bilen üpjün edýändigini, bu baradaky subutnamalara garamazdan, ret edip gelýär.
Resmiler regiondaky çaknyşyga syn edýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk (ÝHHG) Guramasynyň wekiliniň hem çagyryşlara goşulýandygyny mälim etdiler.
Gepleşikler Birleşen Ştatlaryň Ukraina täze bellän wekili Kurt Wolkeriň Minsk ylalaşygynyň ähmiýetini täzeden gazanmak üçin Kiýewe eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?