Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda million dollarlyk kart oýnunyň üsti açyldy


Kart oýnunyň başydnda saklananlaryň arasynda Türkmenistanyň daşary ýurtdaky diplomatlary hem bar.
Kart oýnunyň başydnda saklananlaryň arasynda Türkmenistanyň daşary ýurtdaky diplomatlary hem bar.

Aşgabatda million dollara çenli pul serişdesi oýnalan bir kart oýnunyň üsti açylyp, oňa gatnaşan adamlar tussag astyna alyndy. Azatlyk Radiosynyň biri-birinden aýry iki çeşmesiniň tassyklamagyna görä, saklananlaryň arasynda Türkmenistanyň daşary ýurtdaky diplomatlary hem bar.

Geçen hepde paýtagtyň Parahat-4 etrapçasyndaky jaýlaryň biriniň ýaşaýjylary gije wagty, bir kwartiradaky dowamly goh-galmaga nägilelik bildirip, polisiýany çagyrýarlar.

Polisiýanyň işgäri gelip, gürrüňi gidýän kwartiranyň gapysyny kakanda, içerden hiç kim jogap bermeýär. Mundan soň, ýörite maksat üçin topar çagyrylyp, kwartira güýç ulanyp girilýär.

Polisiýanyň Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan işgärleriniň aýtmagyna görä, kwartirada 20 töweregi adam, şol sanda azyndan üç sany aýal maşgala bolup, olaryň uly mukdardaky, million dollara çenli pul serişdesine kart oýnandygynyň üsti açylypdyr.

Azatlyk Radiosynyň ynamdar çeşmeleri kwartirada Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilleriniň, ýagny diplomatlarynyň hem bolandygyny gürrüň berdiler.

Wakanyň bolan ýerine Milli Howpsuzlyk Gullugynyň (MHM) işgärleri çagyrylandan soňra, olar “galanyna özümiz serederis” diýip, hiç hili protokol hem düzülmezden, polisiýanyň işgärlerini ugradypdyrlar.

Kart oýnunyň başynda saklananlaryň soňky ykbaly barada takyk bir maglumat ýok. Emma, Azatlyk Radiosynyň käbir çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, tussag edilenleriň aglabasy, şol sanda diplomatlar tussaglykdan azat edilipdirler. Emma, has ýokary wezipelileriň işiniň bolsa, suda geçiriljekdigi aýdylýar.

Bu maglumatlar, umuman, gürrüňi gidýän waka dogrusynda hökümet we güýç edaralarynyň resmilerinden hiç hili kommentariýa almak başartmady. Bu barada döwlet mediasynda hem kelam agyz söz aýdylmady.

Galyberse-de, bu waka Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramowa berk käýinç yglan eden döwrüne gabat geldi.

Ýeri gelende bellesek, bu käýinç hökümet agzalarynyň dynç alýan wagtynda, Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasyndaky ykdysady kynçylyklar, maliýe, pul meseleleri zerarly bank ýolbaşçylaryna berlen käýinçleriň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG