Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow olimpiýa şäherçesine aýlanyp, türgenleriň lybaslaryny tassyklady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyklar dowam edýän mahaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow olimpiýa şäherçesine aýlanyp gördi.

Türkmen mediasynda berlen maglumata görä, 25-nji iýulda Berdimuhamedow “Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak” boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdy.

Resmi metbugat prezidentiň “köpugurly sport toplumyna” baryp görmeginiň dowamynda 45 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadionyna hem aýlanandygyny we stadionyň enjamlaşdyrylyşyna hem-de onuň Aziada—2017-niň açylyş dabarasyna taýýarlyk derejesine hem syn edendigini habar berdi. Emma onuň enjamlaşdyrylyşy we taýýarlyk derejesi barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Mundanam başga, türkmen lideri 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna gatnaşjak türkmen türgenleri üçin adaty we dabaraly ýagdaýlarda geýmäge niýetlenen bir kysymly lybaslaryň nusgalary bilen tanyşdy.

Paýtagtyň Modalar öýüniň dizaýnerleri tarapyndan taýýarlanylandygy aýdylýan lybaslaryň “bezeginiň her düzüminde milli öwüşginiň we häzirki zaman nysak meýilleriniň sazlaşykly utgaşdyrylandygy” aýdylýar.

Berdimuhamedowyň taýýarlanylan nusgalary “umuman makullandygy” hem-de olara “käbir üýtgetmeleri” girizendigi maglumatda bellenilse-de, girizilen üýtgetmeleriň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Ýatladyp geçsek, Berdimuhamedow Dokma senagaty ministrligine baryp, türkmen ýygyndy toparynyň agzalarynyň, işgärleriň hem-de oýunlaryň meýletinçileriniň lybaslarynyň görnüşleri bilen şu aýyň başynda, ýagny 6-njy iýulda hem tanşypdy. Şonda türkmen lideriniň hödürlenen egin-eşikleri tassyklap-tassyklamandygy ýa-da olara girizilmeli düzedişler barada nähilidir bir bellikleri edendigi hakda hiç hili maglumat berilmedi.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow mundan iki aý çemesi ozal, ýagny 30-njy maýda hem gürrüňi edilýän lybaslar bilen baglylykda girizilmeli düzedişleri belläp geçipdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, “Aziada-2017” oýunlary bilen baglylykda, ozal resmi derejede ykrar edilen nyşanlar soňy bilen tankytlara uçrapdy hem üýtgedilipdi.

Mart aýynyň ortalaryna türkmen mediasynda “Aziada-2017” oýunlarynyň ýanwar aýynda ykrar edilen we giňden mahabatlandyrylan tumarynyň, ýagny tahýaly, ýaşyl reňkli alabaýyň deregine täze bir şekil hödürlenipdi. Bu türkmen prezidentiniň tumaryň öňki şekilini tankyt etmeginden, bir hepde gowrak wagt soň ýüze çykypdy.

Mundanam başga, olimpiýa şäherçesindäki esasy stadionyň depesinde ýerleşdirilen atyň kellesiniň şekiline hem ençeme tapgyr özgertmeler girizilip, onuň boýnunyň daşyna alajanyň şekilindäki aýlaw geçirildi we depesine olimpiýa alawy oturdyldy.

Ýeri gelende bellesek, bu oýunlar bilen baglylykda görülýän taýýarlyklaryň çäginde, Aşgabatda we onuň eteklerinde – köplenç halatda degişli kompensasiýa berilmezden – on müňlerçe adamyň ýaşap oturan jaýlary ýumrulypdy, ozaldan duran jemgyýetçilik binalary hem ýer-ýegsan edilipdi, saýaly baglar çapylypdy.

Şol bir wagtda, dünýäniň energiýa serişdeleriniň bahalarynyň gaçmagy bilen agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň bu oýunlara, oňa görülýän taýýarlyklara çykarýan pul serişdeleri barada hiç zat aýdylmaýar.

Türkiýäniň “Polimeks” gurluşyk kompaniýasynyň resmi websaýtynda habar berilmegine görä, Aşgabatda Aziýa oýunlaryna gabatlanyp gurlan täze halkara aeroportuň gurluşygy üçin 2,3 milliard amerikan dollary we olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy üçin 5 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlandy.

XS
SM
MD
LG