Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa stadionyndaky atyň boýnuna özgertmeler girizildi


Aşgabatda Olimpiýa stadionynyň depesinde ýerleşdirilen atyň heýkeli
Aşgabatda Olimpiýa stadionynyň depesinde ýerleşdirilen atyň heýkeli

Aşgabatda Olimpiýa stadionynyň depesinde ýerleşdirilen atyň kellesiniň şekiline ýene özgertmeler girizlip, onuň boýnunyň daşyna alajanyň şekilindäki aýlaw geçirildi we depesine olimpiýa alawy oturdyldy.

Ýatlap geçsek, Aziýa oýunlarynyň resmi nyşany – atyň heýkeline soňky gezek mart aýynda üýtgetme girizilip, onuň boýnundaky halkaly pelte aýrylypdy. Olimpiýa şäherçesiniň esasy sport desgasy – 45 müň orunlyk stadionyň depesindäki atyň uly kellesiniň boýnunyň daşynda ýerleşdirilen şol halkaly pelte käbir aktiwist toparlary tarapyndan dar agajyna meňzedilipdi.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew atyň boýnuna alajanyň şekilindäki täze aýlawyň mundan bir hepde çemesi ozal ýerleşdirilendigini aýdyp, soňky döwürde gurulýan desgalaryň oýlanşyksyz amal edilýändigini, şol sebäpli desgalary gaýtadan üýtgetmek ýaly wakalara köp duş gelse bolýandygyny belleýär.

“Munuň ählisi pula durýan zat. Özem häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýeti dilde näçe mahabat edilýänem bolsa, ýurt beýleki döwletleriň başdan geçirýän ykdysady çökgünligini başdan geçirýär. Her köpük hasaply bolmaly, ýöne şular edilenok. Soňky döwürde ‘ýedi ölçäp, bir kesmek’ diýen pähime eýerilenok. Netijede, birgiden maliýe serişdesi ýele sowrulýar. Adamlaryň aňy garjaşdyrylýar. Bularyň näme üçin üýtgedilýändiginiň sebäbi hem düşündirilenok” diýip, Bugaýew aýtdy.

Mundanam başga, ol halkara sport bäsleşiginiň esasy simwoly kesgitlenjek ýa-da onuň heýkeline özgerişler giriziljek mahaly, bu barada ýörite konkurs geçirilip, onuň adamlaryň dykgatyna hödürlenmelidigini we şonuň netijesine görä ähli zadyň amal edilmelidigini sözüniň üstüne goşdy.

Türkmen resmileri atyň boýnundan eýýäm ornaşdyrylan halkaly peltäniň aýrylmagynyň we onuň deregine täze alajanyň oturdylmagynyň sebäpleri, esasan hem oňa çykarylan goşmaça serişdeler dogrusynda ne mundan üç aý çemesi ozal, ne-de häzirki pursatda hiç bir maglumat bermeýärler.

Ýöne bu waka, fewral aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Olimpiýa şäherçesine aýlananda, gürrüňi gidýän atyň şekiliniň üstünde aýratyn durup geçip, onuň boýnundan alaja geçirmegi ýörite tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat gelipdi. Şol bir wagtda, atyň heýkelindäki özgertmeleriň prezidentiň şol tabşyrygy bilen nä derejede baglydygyny anyklamak başartmady.

Ýeri gelende ýatlatsak, türkmen resmileriniň “Aziada-2017” oýunlary bilen bagly öňden ykrar dilen taslamalary çalşyrmak bilen baglanyşykly çäresi mundan öň hem bolupdy.

Mart aýynyň ortalaryna türkmen mediasy “Aziada-2017” oýunlarynyň ýanwar aýynda ykrar edilen we giňden mahabatlandyrylan tumarynyň, ýagny tahýaly, ýaşyl reňkli alabaýyň deregine täze bir şekil hödürledi. Bu waka hem öz gezeginde, türkmen prezidentiniň tumaryň öňki şekilini tankyt etmeginden, bir hepde gowrak wagt soň boldy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen baglylykda, ýurduň býujetinden anyk näçe mukdarda pul serişdeleriniň goýberilýändigi dogrusynda takyk maglumatlar elýeterli däl.

Her niçik hem bolsa, türkmen häkimiýetleri Olimpiýa şäherçesine azyndan 5 milliard dollaryň we täze aeroport üçin 2 milliarddan gowrak dollaryň harçlanandygyny yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG