Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýy näme sebäpden ýaramazlaşýar?


Türkmen-owgan serhedi

Azatlyk Radiosy demirgazyk Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyny mümkin bolan sebäpleri hakynda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert, žurnalistBrýus Panniýer bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Brýus,sebite syn edýän ekspert hökümnde demirgazyk Owganystandakyhowpsuzlyk ýagdaýynyň barha ýaramazlaşmagynyň sebäbini nemede ýa-da nemelerde görýärsiňiz.

Brýus Panniýer: Demirgazyk-günbatar Owganystanyň ähli ýerindäki howpsuzlyk ýagdaýy indi birnäçe ýyl bäri ýaramazlaşýar.Munuň birnäçe düýpli sebäbi bar: birinji sebäp – owgan hökümetiniň goşunlary bu sebitde beýle güýçli däl we olaryň ýeterlik esgeri ýok; ol ýerdäki duşmanyň nukdaý nazaryndan seredilende bolsa, “Talyban” ýaly toparlara özleriniň Owganystanyň dürli ýerlerinde populýarlygyny görkezmek zerur. Biz olaryň Helmand welaýatynda, Kabul töwereginde, Jalalabatda käbir goldawynyň we ýardamçylarynyň bardygyny bilýäris. Onsoň olaryň adamlara özleriniň ýurduň köp böleginde bardygyny görkezmek gerek. Şeýlelikde, olar demirgazyk-günbatar Owganystany saýlap aldylar. Ýogsa bu sebit 2001-nji ýyldan soňky on ýyldan gowrak wagt içinde ýurduň iň bir howpsuz ýerleriniň biri hasaplanýardy.

Soňky döwürde bolsa, hökümetiň bu sebitde bolýan zatlara kän üns bermezliginden peýdalanyp, “Talyban” bu ýerde tutuş ýurtdaky täsirini mazamlamak üçin hüjüme başlady. Mundanam başga,bu ýerde “Yslam döwleti” jeňçi toparynyň agzasy bolup görünýän söweşijiler hem peýda boldy. YD geçen aý Jowuzjan welaýatyndaDarzap etrabyny ele geçirendigini aýtdy. By YD-nyň Owganystanda etraby ele geçirendigini aýdan ilkinji gezegi boldy.

Dogry, olar bu ýerden kowuldy, emma bu ýerde hem hökümet goşunlary, hem hökümete tarapdar güýçler hem “Talybana”, hem özlerini“Yslam döwleti” diýip atlandyrýanlara garşy göreşýär. Ýagny ol ýer durşuna duşmandan doly. Golaýda bolsa, Türkmenistan bilen serhetdäki Farýap welaýatynda hem Kohistan etraby az wagtlyk “Talybanyň” eline geçdi we soň hökümet güýçleri ol ýeri yzyna alandyklaryny aýtdylar.

Azatlyk Radiosy: Bu ýagdaý Türkmenistan üçin nämäni aňladýar?

Brýus Panniýer: Elbetde, bu Türkmenistan üçin bir garabasma, sebäbi ol ýerde -türkmen-owgan serhediniň boýunda indi ozalky howpsuzlyk ýagdaýynyň ýokdugy belli boldy. Çünki “Talyban” käte Türkmenistan bilen serhetleşýän ol ýa beýleki etrabyň bir bölegini ýa tutuşlygyna ele geçirendigini aýdýar, olar edil şol ýerde. Biziň bilşimize görä, türkmen hökümeti öz goşunlarynyň 80 prosent çemesini Owganystan bilen aradaky 700 km serhede jemledi.

Mundanam başga, türkmen hökümeti täze ýaraglary satyn almak üçin örän köp pul hem harçlady, görnüşinden, esasan hytaý ýaraglaryny aldy. Emma biz Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň beýle gowy ýagdaýda däldigini hem bilýäris. Bu ýagdaýda dürli täze ýaraglar üçin pul harçlamak döwlet býujeti üçin ýene bir ýük. Biz Aşgabadyň Aziýa oýunlary, täze aeroport üçin çykaran çykdajylaryny hem ýatdan çykarmaly däl. Üstesine, biz türkmen goşunynyň hiç wagt hakyky synagdan geçmändigini hem-de eger hüjüm edilse, nähili gaýtawul berjegini hem bilmeýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan özüniň bitarap ýurtdygyny aýdýar,eýsem bu ýagdaýda Aşgabadyň bitaraplygynyň nähili ähmiýeti bolup biler?

Brýus Panniýer: Bitaraplyk eger-de sen başga bir döwlet, başga bir hökümet bilen iş salyşýan bolsa, şeýle ýagdaýda kanuny syýasat bolup biler. Bu ýerde biz döwletsiz adamlar, “Yslam Döwleti” topary ýaly terrorçylar bilen iş salyşýarys, olar döwlet aktýorlary däl. Olaryň Türkmenistanyň bitaraplygyny sylap durmajagy belli, onsoň bu Aşgabatdaky hökümet üçin alada bolsa gerek.

Azatlyk Radiosy: “Talyban” toparynyň jeňçilerini Russiýa ýaraglandyrýar diýen ýaly habarlar hem eşidilýär. Siziňçe, demirgazyk Owganystandaky ýagdaýyň bulaşmagynda sebitiň käbir döwletleriniň eli bolup bilermi?

Brýus Panniýer: Elbetde, Orsýetiň “Talybany” ýarag bilen üpjün edýändigi baradaky habarlar ençeme aý bäri eşidilýär. Bu ýerde logika, eger çyn bolsa,“talyban” iki ýamandan gowuragy, ýagny olar özlerine berlen ýaragy bu sebitde bar diýilýän “Yslam döwleti” toparyna garşy ulanmaly. Bu ýerdäki başga bir ýagdaý bolsa, Türkmenistan, Özbegistan ýaly ýurtlaryň Orsýet tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän kollektiw howpsuzlyk şertnamasy, Şanhaý hyzmatdaşly guramasy ýaly guramalara agza bolmazlygy bilen bagly hasaplanýar. Orsýet biolsa, mysal üçin, Türkmenistan ýaly ýurtda has kän täsire eýe bolmak isleýär.

Ozalam aýdyşym ýaly, biz türkmen goşunynyň nämä ukyplydygyny bilmeýäris. Häzriki pursatda olaryň, hüjüm edilen ýagdaýynda, serhedi gorap biljegine uly şübhe bar. Onsoň bu ýerde demirgazyk-günbatar Owganystandaky durnuksyzlyk Kremliň bähbitlerine hyzmat edýär, sebäbi bu ýagdaýda Türkmenistana kömek edip biljek ýeke-täk harby güýç rus goşunlary bolup durýar diýen pikiriň-de jany ýok däl. Eger-de şeýle logika yzarlansa, Russiýanyň oýun oýnaýan bolmagy hem mümkin. Hatda olar Owganystandaky toparlara kömek bermeseler hem, olaryň bu ýagdaýy Türkmenistany özleri bilen ýakyn durmaga yrmakda, ýeke özüniň bu howpa hötde gelip, özbaşdaklygyny gorap bilmejegine ynandyrmakda ulanmaklary mümkin.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG