Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň sanksiýa kanunyny gazaply tankytlaýar


Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Russiýaly resmiler we kanunçykaryjylar ABŞ-yň Moskwa garşy täze sanskiýalary girizilmegini göz öňünde tutýan we prezident Donald Trampyň bu jerime çärelerini gowşatmak ýa-da ýatyrmak mümkinçiligini kynlaşdyrýan kanunyny ýiti tankyt edýärler.

26-njy iýulda Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýi tarapyndan bir gün öň kabul edilen kanuny Moskwanyň we Waşingtonyň arasynda “gatnaşyklary kadalaşdyrmak mümkinçiliklerini ýumurmaga tarap ädim” diýip atlandyrdy.

“Biz onlarça gezek aýtdyk şol çäreleriň jogapsyz galmajagyny” diýip, döwlet tarapyndan dolandyrylýan “TASS” habar agentligi Orsýetiň Daşary işler ministrliginde ABŞ bilen gatnaşyklara seredýän esasy adamy, ýagny Rýabkowy sitirledi.

Rýabkow “Interfaks” habar agentligine beren gürrüňinde “täze sanksiýalar Orsýet bilen ABŞ-ny syýasy we diplomatik taýdan ozal görlüp-eşidilmedik giňişlige iterýär” diýdi.

Şeýle-de Eýrana we Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalaryň girizilmegini göz öňünde tutýan ABŞ-nyň täze kanuny 25-nji iýulda tas biragyzdan diýlen ýaly goldanyp, 419 sesiň makullamagynda 3 sesiň garşy çykmagynda kabul edildi.

Bu kanuna Senatda haçan garaljagy nämälim galýar.

Trampyň täze kanun taslamasyna gol goýmagynyň ahmaldygyny ozal mälim eden Ak tamyň metbugat wekili Sarah Sanders 25-nji iýulda: “Prezident Demirgazyk Koreýa, Eýrana we Orsýete garşy güýçli sanksiýalaryň girizilmegini goldaýar. Ak tam häzir Wekiller öýünde çykarylan kanuna seredýär we kanunyň tamamlanan görnüşiniň prezidentiň stoluna getirilmegine garaşýar” diýdi.

Eger-de Tramp agzalýan kanun taslamasyny ret etse, Kongres prezidentiň wetosyna garşy çykyp bilýär. Ýöne munuň üçin Kongresde kanuna ýeterlik goldaw bolmaly.

Russiýanyň Ýokary mejlisiniň binýadyndaky Halkara gatnaşyklar komitetiniň başlygy Konstantin Kosaçýow bu kanun iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirer we Orsýetiň jogaby Birleşen Ştatlar üçin “agyryly” bolar diýdi.

Sanksiýalar baradaky kanuny iki partiýanyňam güýçli goldamagy Trampy gysýar. Ozalam orslaryň saýlawlara Trampyň peýdasyna gatyşdy diýilmegi bilen onuň prezidentligine gara bulut aralaşýardy.

Moskwanyň saýlawlara entek subut edilmedik gatyşygy boýunça, şeýle-de Trampyň kampaniýasy bilen Orsýetiň arasynda dildüwşükli gizlin hyzmatdaşlygyň bolup bolmandygy barada Adalat departamentinde we Kongresde aýratynlykda derňewler alnyp barylýar.

Tramp özüniň kampaniýa döwründe Moskwa bilen gatnaşyklary ösdürmek barada gaýta-gaýta çykyş edipdi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar Orsýetiň Krym ýarymadasyny basyp almagy hem-de Orsýetiň gündogar Ukrainadaky agressiýa syýasaty bilen has-da ýaramazlaşypdy. Ruslar gündogar Ukrainada 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 10 müňden gowrak adamyň ölümine sebäp bolan söweşde separatistleri goldaýar.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklary, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 8-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda Trampyň peýdasyna Hillari Klintonyň garşysyna kiber hüjümleri we propaganda maksatly “täsir ediş kampaniýalaryna” synanyşýan çäreleri buýruk berdi diýip birnäçe derňewlere girişmegi bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has ýiti dartgynlylyga uçrady.

Täze sanksiýalar ozalky prezident Barak Obamanyň Orsýetiň Ukrainadaky goşulyşygyna jogap hökmünde rus ykdysadyýetini we Putiniň adamlaryny nyşana alan jeza çäreleriniň üstüni ýetirer.

Kanunyň Wekiller öýünden şeýle köp ses bilen geçmegi iki partiýadan köp sanly kanun çykaryjylaryň Orsýeti onuň saýlawlara gatyşygy we Ukrainada hem-de Siriýada alyp barýan işleri sebäpli jezalandyrmak isleýändigini görkezýär. Orsýet ýüz müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolan siriýa urşunda prezident Başar al-Assada köp kömek etdi.

Wekilleri öýüniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy, kaliforniýaly respublikan Ed Roýs: “Mejbur ediji gaýtawulyň bireýýäm wagty gelipdi. Ahmal bolmasaň, Orsýet gürrüňsiz agressiýa dowam eder oturar!” diýdi.

Wekiller öýüniň respublikan spikeri Pol Raýan “agzalýan sanksiýa kanunlary amerikanlary asuda durmuşda ýaşatmak üçin iň howply duşmanlarymyza garşy howpsuzlygymyzyň myhyny mäkäm berkider” diýdi.

Trampyň respublikan partiýasynyň käbir agzalary täze kanun taslamasyna, Trampyň orslar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin ölüp-öçüp barmagyna respublikanlaryň beren sypaýyçylykly ret ediş jogaby hökmünde garaýarlar.

Wekiller öýünden pensilwaniýaly respublikan Çarli Dent: “Trampyň orslara garşy ulanýan ritorikasy bijaý eglişikli äheňde bolup gelýär ” diýdi.

“Orlsar özlerini juda hyrsyz alyp barýarlar. Olar şeýle güýçlendirilen sanksiýalara mynasyp. Haçan-da orslar özlerini alyp baryşlaryny üýtgedip, beýleki milletleriň hatarynda ile goşulyp başlasalar, olar bilen gatnaşyklar öser” diýip, pensilwaniýaly respublikan aýtdy.

Täze kanunda Tramp Orsýete garşy girizilen sanksiýalary näme üçin saklamak ýa-da ýatyrmak isleýändigini düşündirip Kongrese hasabat bermeli bolar. Şondan soň 30 günüň dowamynda kanun çykaryjylar ‘oňa rugsat bermelimi ýa däl’ diýen sorag boýunça belli bir karara gelmeli bolarlar.

Ýewropa Bileleşigindäki ýaranlar täze kanuna tankydy garaýarlar. Olar täze kanun Baltik deňziniň astyndan çekiljek “Nord Stream 2” gazgeçirijisi arkaly Orsýetden Ýewropa tebigy gazy akdyrjak bilelikdäki energiýa proýektlerine gatnaşýan ýewropaly kompaniýalara täsir eder diýip howatyrlanýarlar.

Wekiller palatasynyň liderleri şol aladalary göz öňünde tutup kanun taslamasynyň mazmunyna düzedişleri girizendiklerini mälim etdiler. Ýöne olaryň nä derejede munuň hötdesinden gelendikleri nämälimliginde galýar.

Täze kanunyň Demirgazyk Koreýa baradaky bölümi Phenýanyň ýa-da Demirgazyk Koreýa garşy BMG-niň girizen sanksiýalaryna uýmaýan ýurtlaryň gämileriniň amerikan suw giňişliginde hereket etmeklerine ýa-da Birleşen Ştatlaryň portlarynda düşlemeklerine gadagançylyk girizýär. Şeýlelikde, Demirgazyk Koreýada mejbury zähmet bilen öndürilen harytlaryň Birleşen Ştatlara getirilmeginiň öňi alnar.

Eýrana garşy girizilýän sanksiýalarda, Eýranyň ballistik hüjüm programmasyna gatnaşan adamlara ýa-da olar bilen hyzmatdaşlyk edýän islendik adamlara jeza çäreleri göz öňünde tutulýar. Bu çäre Yslamçy rewolýusioner garawul gullugyny terrorçy toparlaryň sanawyna goşýar we Eýrana garşy ýarag embargosyny güýje girizýär.

XS
SM
MD
LG