Sepleriň elýeterliligi

Ukrain kanun çykaryjysy Saakaşwiliniň Gürjüstana ekstradisiýa edilmegi mümkin diýýär


Mihail Saakaşwili

Gürjüstanyň öňki prezidenti we Ukrainanyň regional gubernatory Mihail Saakaşwiliniň 26-njy iýulda ukrain raýatlygyndan mahrum bolup, ABŞ-da başpena gözlemeli boljagy ähtimal diýip, ukrainaly kanun çykaryjy aýtdy.

Saakaşwili Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ony ukrain raýatlygyndan mahrum edende özüniň ABŞ-da saparda bolandygyny Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy, emma özüniň şol ýerde galyp-galmajagyny mälim etmedi.

Parlamentde Poroşenkonyň syýasy toparyndan bolan kanun çykaryjy Serhiý Leşçenko, eger Saakaşwili Ukraina barsa, oňa Gürjüstana ekstradisiýa edilmek we prezidentlik döwründe baş goşan bolmagy güman edilýän jenaýatlar boýunça suda çekilmek bilen ýüzbe-ýüz boljagyny Facebook arkaly habar berdi.

2003-nji ýylda “Bägül rewolýusiýasynyň” dowamynda Gürjüstanyň reformaçy prezidenti bolan Saakaşwili 2015-nji ýylda Poroşenko tarapyndan Ukrainanyň Odesa regionynyň gubernatory bellenipdi.

Şol döwürde Poroşenko Saakaşwilä ýaran hökmünde seredýärdi. Emma Saakaşwili korrupsiýa garşy alyp barýan tagallalaryna döredilýän resmi päsgelçiliklerden nägilelik bildirip, geçen ýylda bu wezipesini terk edipdi.

XS
SM
MD
LG