Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Baş sud premýer-ministr Şarifiň häkimiýet başyndan çekilmegini karar etdi


Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif
Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif

Pakistanyň Baş sudy premýer-ministr Nawaz Şarifiň ygtyýarlyklardan mahrum edilmegi we häkimiýet başyndan çekilmegi hakynda karar çykardy. Suduň bu karary 2016-njy ýylda üsti açylan Panama dokumentlerine esaslanan korrupsiýa bilen bagly aýyplamalara esaslanylýar.

Suduň 28-nji iýulda çykaran görkezmesi, Şarifiň maşgalasynyň ofşor kompaniýalardaky baýlygynyň gelip çykyşy barada düşündiriş berip bilmändigi derňeýjiler tarapyndan öňe sürülensoň, dessine güýje girdi.

“Ol mundan beýläk parlamentiň hormatly agzasy bolmaga-da hakly däl” diýip, sudýa Ejaz Afzal Han sudda aýtdy.

Şarif suduň kararynyň yglan edilmeginiň yzýany wezipesinden çekildi diýip, onuň metbugat-wekili aýtdy.

Şarif özüne garşy gozgalan iş boýunça öňe süren aýyplamalary ençeme gezek ret edipdi.

Pakistanyň mediasy Şarife we onuň maşgalasyna garşy şeýle-de jenaýat işiniň hem gozgaljakdygyny habar berdi.

Suduň kararynyň yglan eden wagty Yslamabatda howpsuzlyk ýagdaýy pugtalandyryldy we 3000-den gowrak harby ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG