Orsýetiň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Orsýetdäki diplomatik işgärleriniň sanyny azaltmalydygyny we ABŞ-nyň ilçihanasynyň Moskwadaky daçalaryny hem skladlaryny mundan beýläk ulanyp bilmejegini aýtdy.
Ministrlik ABŞ-nyň kanun çykaryjylarynyň Orsýete garşy täze sanksiýalary girizmek hakynda täze kanunyň taslamasyny makullap, prezident Donald Trampa gol çekmek üçin ýollamagynyň yzýany, 28-nji iýulda çap eden beýanatynda jogap beriji ädimlerini kesgitledi.
Ministrlik ABŞ-nyň 1-nji sentýabra çenli öz diplomatik işgärleriniň sanyny 455 adama çenli azaltmalydygyny aýdyp, munuň Orsýetiň ABŞ-daky ilçihanalarynda we konsulhanalarynda işleýän raýatlarynyň sanyna barabardygyny belledi.
Şeýle-de, Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda, ABŞ-nyň öňki prezident Barak Obamanyň döwründe dekabrda ýurtdan çykaran 35-den ýene goşmaça orsýet diplomatyny çykarsa, muňa jogap beriljekdigi duýduryldy.
Orsýetiň Daşary işler ministrligi Moskwa garşy sanksiýalaryň ABŞ-nyň halkara gatnaşyklarynda “çakdan aşa agressiýasyny” tassyklandygyny aýtdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?