Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam Trampyň rus sanksiýalary kanun taslamasyna gol çekjegini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Ak tam 28-nji iýul güni giçlik ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň, ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna garyşandygy barada aýdylýan zatlar sebäpli, Russiýa garşy girizilen sanksiýalary güýçlendirýän kanun taslamasyna gol çekmek kararyna gelendigini yglan etdi.

Bu garaşylmadyk habar Moskwanyň bu kanun sebäpli Russiýadaky ABŞ diplomatlarynyň sanyny düýpli kemeltmek, şeýle-de rus paýtagtyndaky amerikan diplomatik emläkleriniň bir bölegini ele geçirmek bilen gaýtawul çärelerini görmek ähtimallygyny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Bu kanunyň kabul edilmegi Orsýetiň garşysyna onuň saýlawlara gatyşmagy diýilýänler we Ukrainadaky agressiýasy üçin bir topar güýçli sanksiýa giriziljegini aňladýar we bu ýagdaý Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň haýal etmezden gowulaşdyrylmak umydyna kölege salýar. Ýogsa, prezidentlik kampaniýasy döwründe, Tramp Russsiýa bilen gatnaşyklaryň gowulandyrylmagynyň tarapynda bolupdy.

Trampyň karary Kongresiň belki-de, iki partiýanyň media maglumatlaryna we kongres derňewlerine esaslanýan aladalarynetijesinde bu kanun taslamasyna weto goýmak hukugyny ýatyrmak ähtimallygy bilen sessiz ylalaşýar.

Şeýle-de, Adalat departamenti golaýda Russiýanyň Trampyň saýlanmagy üçin dildüwişige girmek synanyşygyny edendigi barada käbir subutnamalary ýüze çykarana çalyn edýär.

Emma Ak tamyň sözçüsi Sarah Huckabee Sanders bu meselede çözüji faktor Trampyň bu kanun taslamasynyň “aýgytly elementlerinde” käbir düzedişleriň edilmegini gazanyp bilmegi boldy diýdi, ýöne ol bu sözüni anyklaşdyrmady.

Ak tam esasy düzgüne, ýagny Trampyň Orsýete garşy sanksiýalar babatdaky kanun taslamasyna girizjek islendik gadaganlygyna Kongresden tassyknama almagy baradaky talaba garşy çykdy we bu düzgün üýtgedilmedi.

Emma ABŞ-nyň energiýa kompaniýalarynyň dünýäniň islendik ýerinde rus energiýa kampaniýalarynyň gatnaşýan energiýa proýektlerine garnaşmagyny gadagan edýän düzgün, Ak tamyň we amerikan nebit kampaniýalarynyň lobbistlik etmekleri netijesinde, üýtgedildi.

Şeýle-de, Wekiller öýüniň liderleri bu kanun taslamasyna Demirgazyk Koreýä garşy sanksiýa girizmegi goşdular we bu ýagdaý Ak tamyň göwnünden turdy diýip, resmiler aýtdylar.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň bu kanun taslamasyndaky çäreleri “duşmançylykly” diýip häsiýetlendirendigine garamazdan, Orsýetiň adminstrasiýa bilen hyzmatdaşlygy saklamagy hem-de gatnaşyklary gowulaşdyrmagy teklip etmegi hem bir faktor bolup biler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson bilen telefon söhbetdeşliginde "Lawrow biziň ýurdumyzuň şindem Birleşen Ştatlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary kadalaşdyrmaga we iň esasy halkara meselelerinde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady” diýip, Russiýanyň daşary işler ministrligi 28-nji iýulda aýtdy.

"Emma muňa garamazdan, bu diňe deňlik, özara hormat we bähbitleri deňagramlaşdyrmak arkaly mümkin” diýip, rus DIM-i aýtdy.

Ministrlik baş diplomatlaryň “ikitaraplaýyn meselelerde aragatnaşyk saklamak barada ylalaşandyklaryny” aýtdy. Döwlet departamenti bu söhbetdeşlik barada maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG