Sepleriň elýeterliligi

Tramp, Demirgazyk Koreýa meselesinde 'hiç iş' etmeýändigini aýdyp, Hytaýy tankytlaýar


Prezident Donald Tramp, arhiw fotosy.


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýy Birleşen Ştatlara Demirgazyk Koreýa bilen oňuşmazlygy meselesinde kömek üçin “hiç iş” etmezlikde tankytlady we “biz munuň beýle dowam etmegine ýol bermeris” diýdi.

Tramp bu sözleri 29-njy iýul güni giçlik, Phenýan kontinentara ballistik raketasyny synag edip, onuň ýadro ýaraglary bilen ABŞ topraklaryna ýetmäge ukyply bolandygyny aýdanyndan soň, twitterde aýtdy.

Trampyň bu sözleriniň birnäçe sagat soňundan, ABŞ-nyň Harby howa güýçleri 30-njy iýulda özüniň iki sany B-1B bombaçy uçarynyň, Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyna jogap hökmünde, Koreýa ýarymadasynyň ýokarsyndan aýlanandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň B-1B bombaçy uçarlary ABŞ-nyň Guamdaky howa bazasyndan asmana göterildi we on sagatlyk missiýada, ýolda tutmak we formasiýa türgenleşiklerinde ýapon we günorta koreýa söweş uçarlary bilen goşulyşdy diýip, Amerikanyň Ýaragly güýçleri aýtdy.

Tramp özüniň twitter beýanatlarynda ABŞ-nyň ozalky adminstrasiýasyny hem tankytlady, ýagny olaryň, Pekinden goldaw ýoklugyna garamazdan, Hytaýa söwda ylalaşyklary arkaly millardlarça dollar gazanmaga şert döredendiklerini aýtdy.

“Men Hytaýdan örän lapykeç boldum. Biziň ozalky akmak liderlerimiz olara ýylda söwdadan ýüz milliardlarça dollar gazanmaga ýol açdylar, emma olar biz üçin Demirgazyk Koreýa bilen dawada hiç iş etmeýärler, diňe gürleýärler. Biz munuň beýle dowam etmegine uzak ýol bermeris. Hytaý bu problemany aňsatlyk bilen çözüp biler!” diýip, ol ýazdy.

Birleşen Ştatlaryň 2016-njy ýylda Hytaý bilen $309 milliard möçberinde söwda defisiti boldy.

Tramp we beýleki dünýä liderleri Hytaýyň Demirgazyk Koreýa öz ýadro we ballistik-raketa synaglary üçin basyş etmegine yzygiderli çagyryp gelýärler. Bu synaglar BMG-nyň rezolýusiýalarynda hemgadagan edildi.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi 29-njy iýulda özleriniň Demirgazyk Koreýanyň “synag aktiwliklerine” garşy bolandyklaryny, sebäbi olaryň BMG-nyň rezolýusiýalaryna we “halkara jemgyýetçiliginiň umumy isleglerine” ters gelýändigini aýtdy.

"Şol bir wagtda Hytaý ähli taraplaryň seresap hereket etmeklerine, dartgynlyklaryň ýitileşmeginiň dowam etmeginiň öňüniň alynmagyna, regional howpsuzlygy we durnuksyzlygy bilelikde goramaga umyt baglaýar” diýip, ministrlik belledi.

Tramp mundan öň özüniň Hytaý bilen gatnaşyklary babatynda garjaşyk yşaratlar edipdi.

Ol özüniň prezidentlik kampaniýasy mahalynda Pekine öz adalatsyz söwda praktikasy diýýäni sebäpli hüjüm etdi we bu ýurdy pul manipulýasiýasy emelinde aýyplady.

Emma Ak tamda işe başlanyndan soň, ABŞ-nyň prezidenti aprelde hytaý prezidenti Si Jinpingi öwdi hem-de “preziden Si bilen meniň aramda işlenip düzülen aragatnaşyk örän ajaýyp diýip oýlanýaryn” diýdi.

Günorta Koreýanyň resmileri 29-njy iýulda Phenýanyň soňky raketa synagy Seuly ABŞ-nyň THAAD gorag sistemasyny basymrak ýerleşdirmeklige itekledi diýdi, Hytaý bu gorag sistemasyna çyny bilen garşy durýar.

Şeýle-de, ABŞ goşuny Amerikanyň we Günorta Koreýanyň harby güýçleriniň ýer-ýer raketalaryny ulanyp, hakyky ok atmak esasynda härby tälimleri geçirendiiklerini hem-de Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketa synagyndan soň “harby gaýtawul bermek mümkinçiliklerini” ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un soňky raketa synagynyň “ABŞ hem-de amerikan syýasatçylaryna berk duýduryş bermek manysynda geçirilendigini, ýagny ABŞ-nyň, agressiýa niýetli döwletiň, eger Phenýana azar bermäge het etse, temmisiz galmajakdygyna düşünmelidigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG