Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Maýk Pens Tbiliside premiýer-ministr Giorgi Kiwirikaşwili bilen duşanda gürjüstanly ýolbaşçylara Waşingtonyň goldawyny wada berdi.
1-nji awgustda Pens: “Şu gün irden prezident [Donald] Tramp menden size özüniň gyzgyn salamyny ýetirmegimi we biziň mydam siziň bilendigimizi aýtmagymy sorady” diýdi. Ol:
“Biz Gürjüstana möhüm strategiki hyzmatdaş hökmünde garaýarys we onuň territorial bütewiligini goldap Gürjüstanyň NATO-nyň düzümine goşulmak baradaky umytly ymtylyşlaryny goldaýarys” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Gürjüstan özüniň territoriýasyna Russiýanyň göz gyzdyrýandygyny gördi we Günbatar harby ýaranlyga goşulmaga isleg bildirdi.
Kreml 2008-nji ýylda Tbilisä garşy bäş günläp dowam eden uruşdan soňra Gürjüstandan bölünip aýrylan Abhaziýa we Günorta Osetiýany garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etdi. Orsýet agzalýan iki regionda müňlerçe goşun saklaýar.
31-nji iýulda, günüň ahyrynda gürji paýtagtynda myhmanyň hormatyna berlen resmi agşamlyk naharynda Pens: “Biz siziň azatlygyňyz ugrunda we biziň umumy gymmatlyklarymyz üçin mydama siz bilen!”, diýdi.
Kiwirikaşwili “Birleşen Ştatlary Gürjüstanyň berlen dosty, durnukly geosyýasy ýarany we strategiki hyzmatdaşy”, diýdi.
Gürji hökümetiniň ýaýradan kommentariýsinde Kiwirikaşwili Pensiň saparyny “howpsuzlyk, ykdysadyýet we söwda ugrularynda iki ýurduň arasyndaky iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde örän möhüm sepgit” diýip häsiýetlendirdi.
1-nji awgust güni gürji oppozisiýasy bilen duşuşan Pensi Tbiliside müňlerçe adam garşy aldy.
Şeýle-de, wise-prezident NATO-nyň Gürjüstanda geçirjek bilelikdäki harby türgenleşigine gatnaşmagy planlaşdyrýar. “Noble Partner 2017” harby-okuw türgenleşigine 800 gürji we 1600 amerikan goşunlary gatnaşýar.
Pens Estoniýa eden saparyndan soň Tbilisä geçipdi. Estoniýada wise-prezident Baltiki ýurtlara Waşingtonyň raýdaşlyk bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtady we goňşy Orsýeti “halkara araçäkleri täzeden çyzmaga synanyşykda” hem-de “demokratiýany äsgermezlikde” ýazgardy.
NATO-nyň düzümindäki Estoniýa, Latwiýa we Litwa sowet döwründe Moskwanyň gol astyndady.
Agzalýan üç Baltiki ýurdy, Gürjüstan we Pensiň saparynyň üçünji duralgasyndaky NATO-nyň täze agzasy Montenegro, ýagny Garadag respublikasy Orsýetiň niýet-päli barada aladalaryny beýän edip gelýärler.
Pens: “Baltiki döwletleri üçin siziň gündogaryňyzdaky oslagsyz goňşyňyzyň agresiýa ähtimallygyndan başga has uly howp ýok. Edil häzirki wagtda Orsýet halkara araçäkleri güýç bilen täzeden çyzjak bolýar, özbaşdak döwletleriň demokratiýalaryny äsgermezlik edýär we Ýewropadaky azat milletleriň agyzlaryny alardyp olary böljek bolýar” diýdi.
Pens Birleşen Ştatlaryň administrasiýasynyň NATO-nyň 5-nji maddasynyň arkasynda berk durýandygyny aýtdy. Bu maddanyň esasynda NATO-nyň bir ýurduna edilen hüjüm ähli agza ýurtlara edilen hüjüm hökmünde hasaplanýar.
Resmiler Pens Gürjüstanda ýurduň bütweiligini we özbaşdaklygyny Birleşen Ştatlaryň goldaýandygyny aýratyn nygtar diýýärler. Ol soňra Montenegro, ýagny Garadag respublikasyna sapar eder.
27-nji iýulda Gürjüstanyň prezidenti Giorgi Margwelaşwili Pensiň etjek sapary Gürjüstanyň harby güýçlerini goldamakda ABŞ-yň berýän goldawynyň dowam edýändigini görkezer diýdi.
Ol Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Sloweniýanyň we Ermenistanyň goşunlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bilelikdäki harby-okuw türgenleşigine ünsi çekdi.
Pensiň saparynyň soňky duralgasynda NATO-nyň iň ýaş agzasy Montenegro, ýagny Garadag respublikasy bar. Orsýet Montenegronyň iýun aýynda NATO-nyň düzümine kabul edilmegine tutanýerli garşy çykypdy.
2-nji awgustda Pens Montenegronyň paýtagty Podgoritsada geçiriljek Adriatik Hartiýanyň sammitine gatnaşar diýip, Birleşen Ştatly resmiler aýtdy.
Pens sammitde regionda kanunyň hökmürowanlygy, syýasy reformalar we başarjaň döwlet dolandyrylyşyna zerurlyk barada çykyş eder we Birleşen Ştatlaryň Günbatar Balkan döwletlerine ygrarlylygyny nygtar.
Sammite Albaniýanyň, Bosniýa-Gersogowiniýanyň, Horwatiýanyň, Kosowonyň, Serbiýanyň we Sloweniýanyň liderleri hem gatnaşar.