Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dermanlaryň bahasynyň ýokarlanmagy dowam edýär


Aşgabadyň dermanhanalarynyň birinde derman aljak bolýan ýaşaýjylar
Aşgabadyň dermanhanalarynyň birinde derman aljak bolýan ýaşaýjylar

Türkmenistanyň dermanhanalarynda dermanlaryň bahasynyň her aýda diýen ýaly ýokarlanýandygyny görse bolýar.

Aşgabatly pensioner 66 ýaşly Sona daýzanyň aýtmagyna görä, döwlete degişli dermanhanalardaky dermanlaryň bahasy hususy dermanhanalardaka garanda ýokarrak bahalanýar.

Soňky aýlarda saglyk ätiýaçlyk pasportyna berilýän dermanlaryň hem käbir görnüşleriniň resept ýazylan halatynda hem döwlet dermanhanalarynda tapdyrmaýandygyna ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

“Lukmanlara ýüz tutan halatyňda, zerur derman üçin resept ýazylyp berilýär. Emma olaryň köp görnüşlerini dermanhanalara aýlanyp tapjak gümanyň ýok. Saglyk öýlerinde ýeňillikli dermanlar ýazylýan resept blankalary hem lukmanlara hasaply berilýär. Emma soňundan olar zir-zibile oklanmaly bolýar.

Aşgabatdaky dermanhanalaryň biri
Aşgabatdaky dermanhanalaryň biri

Lukman tarapyndan ýazylan reseptiň möhleti bir aý saklanýar. Bir aýdan resept öz güýjüni ýitirýär we olary dermanhanalarda derman bolaýan halatynda hem kabul etmeýär” diýip, Sona daýza aýdýar.

Ýaşaýjylaryň gürrüňine görä, bir ýylyň dowamynda Wolidol dermany 1 manatdan, 5 manada çenli ýokarlanypdyr.

Alty aý mundan ozal bir gutusy 7 manat bolan ‘Wereşpiron’ tabletka dermany häzir 10 manat, ‘Kawinton’ sanjym dermanynyň bir gutusy 26 manat bolanlygyndan 37 manada, ‘Reboksin’ sanjym dermanynyň bir gutusy 10 manatdan, 13 manada çenli ýokarlanypdyr. ‘Serabreliziniň’ sanjym dermanynyň bir gutusy 120 manatdan, 150 manada çenli ýokarlanypdyr. ‘Webinak’, ‘Diklofenak’ ýaly tabletga dermanlaryň bir gutusy 3 manatdan, 4 manada çenli ýokarlanandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Käbir hususy dermanhanalarda dermanlaryň bahalarynyň ýazylyp goýulmaýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar. Aşgabatly ýaşaýjy Sapar aga hususy dermanhanalarda dermanlaryň bahasynyň ýazylyp goýulmaýandygynyň sebäbini soranda, “Saglyk hususy hojalyk dermanhanasynyň” satyjysy oňa “Dermanlaryň bahalary üýtgäp durýar, şol sebäpden ýazylyp goýulmaýar” diýip jogap beripdir.

Dermanhanadaky dermanlar
Dermanhanadaky dermanlar

Döwlete degişli dermanhanalarda bahalaryň ýokarlanmagynyň sebäplerini anyklajak bolanda oňa “Aňyrdan gelýän baha görä satmaly bolýarys” diýip jogap beripdirler.

“Hassahanalara bejergi almaga girseň, öz puluňa gerekli dermanlary tapyp eltmeli bolýarsyň. Hassahanalaryň hyzmaty tölegi, üstesine dermanlary satyn almaly. Lukmanlar seniň ýagdaýyň ýetýärmi ýa ýetenokmy diýip soramaýarlar. Pylan dermany getir diýip eliňe ýazyp berýärler. Puluň bolsa dermany satyn alyp bejergi alarsyň, puluň bolmasa öýüňe gaýdybermeli” diýip, Sapar aga aýdýar.

“Ilatyň sosial ýagdaýlaryny gowulandyrmak barada edilýän aladanyň çäginde her ýylda aýlyklar 10 göterim galdyrylýan bolsa, Türkmenistanda dermanlaram, azyk önümlerem her ýylda 20-30 göterimden aşarak galýar” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG