Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awaza: “Bu dynç alyndygy däl, adamlaryň kemsidilmegi”


Awaza syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň biri
Awaza syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň biri

Şu günler Hazar deňziniň kenarynda dynç almaga barýan türkmenistanlylaryň Awaza barmakda we ondan gaýtmakda dürli transport bökdençlikleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna 1-nji awgustda gowşan hatda özüni Pirguly diýip tanyşdyran okyjymyz Awazadan gaýtmak üçin taksi ýa-da awtobus tapyp bilmän, ençeme kilometri pyýada geçmeli bolandygyny aýdýar.

“[Döwlet eýeçiligindäki] sary taksileriň 30 sanysy bar, olaryňam 21-si işleýär. ‘Agam, ýetişemizok’ diýýärler. Awazaň ýollarynda elini galdyryp, taksä ýa-da awtobusa garaşyp ýören adamlaryň sany-sajagy ýok. Men özüm 1 sagat garaşdym, ahyr ýöräp-ýöräp, pyýada geldim. Bu dynç alyndygy däl, adamlaryň kemsidilmegi” diýip, Pirguly atly okyjymyz ýazýar.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklap, munuň Türkmenbaşy aeroportyndan Awaza gitmek we ondan aeroporta gaýtmak üçin jemgyýetçilik transport we taksi gatnawynyň talaba laýyk ýola goýulmandygy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Balkan welaýatyna ýygy-ýygydan sapar edýän aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, häzirki wagt Türkmenbaşy aeroportyndan ýa-da şäherinden Awaza syýahatçylyk zolagyna göni gatnaw edýän jemgyýetçilik transporty ýok. Bu bolsa, şu günler Awaza dynç almaga barýanlaryň sanynyň artmagy bilen, raýatlaryň tomsuň jokrama yssysynda ençeme sagat ýolda kösenmegine sebäp bolýar.

“Häzirki wagt adamlar üç usul bilen Türkmenbaşy aeroportyndan, Awaza baryp bilýärler. Birinjisi - döwlet eýeçiligindäki sary taksiler. Ýöne olaryň sany juda az, aeroportyň daşynda her gün iň köp bolanda, 4 taksini görse bolýar. Bu bolsa, Türkmenbaşa her gün bäş ýolagçy uçarynyň gonýandygyny nazar alanymyzda, adamlaryň talabyny ödärden juda az. Ikinji usul - adamlar aeroportyň çetindäki duralgadan awtobusa münüp, Türkmenbaşy şäheriniň merkezine, ondanam başga awtobusly Awazanyň çetindäki duralga, bu duralgada-da başga awtobusa münüp, Awaza gidip bilýär. Bu awtobuslaryň her 1 sagat 10 minutda bir gezek gelýändigini göz öňünde tutsak, bu usul bilen Awaza ortaça 2 sagatda baryp bolýar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Awaza barmagyň ýene bir usuly Türkmenbaşy aeroportynyň 500-600 metr çetinde saklanan hususy taksiler bolup durýar. Ýöne bularyň sany hem örän çäkli. Şeýle-de, hususy taksä münen ýolagçylar Awazanyň çetindäki 3000 awtoulaga niýetlenen duralgada düşüp, ol ýerdenem 1 sagat 10 minutda bir gezek geçýän awtobusa garaşmaly bolýarlar.

Munuň netijesinde, dynç almaga barýanlaryň dynç alşy Awaza aşmak bilen bagly kösençlikden başlanýar diýip, Bugaýew köçelerde taksi gözleýän ýa-da awtobusa garaşýan adamlaryň onlarçasyny, häli-şindi görse bolýandygyny aýdýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Azatlyk Radiosy şu ýylyň aprel aýyndan başlap, Awaza syýahatçylyk zolagyna diňe döwlet ulagynda, şeýle-de ýörite rugsatnama esasynda girip bolýandygyny, Türkmenbaşy şäherinden welaýatlara gatnaýan taksileriň ählisiniň hem öz regionlaryna ugradylandygyny habar beripdi.

Şol bir wagtda, ýurduň içeri işler ministriniň özi-de Awaza dynç almaga gelýänleriň ulaglaryny ýörite awtoduralgada goýmalydygyny we göz öňünde tutulan ýörite transportdan peýdalanmalydygyny aýdypdy. Şeýle-de, diňe käbir ulaglara ýörite rugsatnamanyň beriljekdigini, munuň hem dynç alyş möwsüminde, hyzmatlar bilen baglanyşykly zerurlyklara niýetlenýändigini mälim edipdi.

Ýatladyp geçsek, 2015-nji ýylyň 14-nji awgustynda geçirilen hökümet maslahatynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Awazanyň çäginde indiden beýläk diňe jemgyýetçilik ulaglarynyň we ýörite ulaglaryň gatnawyna rugsat berilmelidigini aýdypdy.

Emma türkmenistanlylaryň we ýerli synçylaryň ençemesi Awaza hususy awtoulaglaryň girmegi gadagan edilip, diňe döwlet belgili ulaglaryň we jemgyýetçilik transportlarynyň gatnawyna rugsat berilmegi netijesinde, ýönekeý raýatlaryň hereket azatlyklarynyň barha çäklendirilýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, olar häzirki wagtda dowam edýän transport problemasyny çözmek, goşmaça awtobus gatnawlaryny ýola goýmak bilen baglanyşykly hem türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç bir çäräniň görülmeýändigini belleýärler.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Awaza dynç almaga barýan türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan transport bökdençlikleri we onuň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan häzirlikçe ilat köpçüligine maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär.

XS
SM
MD
LG