Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Aziadanyň başlanmagyna 30 gün galmagyny baýram eder


Azia oýunlaryn gatnaşyjylaryň lybaslary

Türkmen mediasy Türkmenistanda 17-nji awgustda Aziadanyň başlanmagyna 30 gün galmagynyň baýram ediljekdigini habar berýär.

Prezident Gurbanguly Beridmuhamedow 4-nji awgustda Ministrler kabinetiniň mejlisinde, ýurduň ilatynyň köp sanly haýyşlary esasynda, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagyny dabaraly bellemegi tabşyrdy.

Döwlet baştutanyň teklibine görä, bu çäre mynasybetli ýene bir ekologiýa çäresi guralar, ýagny 17-nji awgustda awtoulaglar ulanylmaz.

Şeýle-de, adatça awgustyň ikinji ýekşenbesinde bellenýän Gawun baýramy yza süýşürilip, 17-nji awgustda belleniler. Şol gün birnäçe durmuş maksatly desga, şeýle hem nebitgaz toplumyna degişli desgalar ulanmaga berler.

Ýerli synçylar golaýda, Aziadanyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli geçirilen tigirli ýöriş döwründe, şäherde awtoulag hereketiniň gadagan edilmegi zerarly, işi-derdi bolan adamlaryň gaty kösenendiklerini habar berdiler.

Mundanam başga, Azatlygyň ýerli çeşmeleri ilatyň prezidentiň teklip edýän çärelerinden halys ýadandyklaryny gürrüň berýärler.

XS
SM
MD
LG