Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň ilçisi Demirgazyk Koreýa garşy sanksiýalary öwýär


ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Heýli Howpsuzlyk geňeşiniň Demirgazyk Koreýa baradaky ýygnagynda çykyp gürleýär. Nýu-Ýork, 5-nji iýul, 2017 ý.

ABŞ-nyň ilçisi Nikki Heýli BMG-nyň gadagan edilen raketa programmasy sebäpli Demirgazyk Koreýa garşy kabul eden täze rezolýusiýasyny “bir nesildäki islendik ýurt üçin iň berk sanksiýalar toplumy” diýip atlandyrdy.

Emma ol 5-nji awgustda “biz bu meseläni çözdük diýen pikire gidip, özümizi aldamaly däl, biz ol çözgütden entek gaty daş” diýip, bu çäreleriň ýeterlik däldigini hem sözüne goşdy.

"Bikanun ýadro ýaragyny edinýän Demirgazyk Koreýa diktatorlygy öz ornunda galýar... (we) barha çalasyn has howply ýagdaýa geçýär” diýip, Heýli BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde bolan ses berişlikden soň aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu sanksiýalary öwüp, twitterde “Birleşen Milletleriň Howpsuzlyk geňeşi ýap-ýaňy Demirgazyk Koreýa sanksiýasyna 15-0 (biragyzdan) ses berdi. Hytaý we Russiýa biz bilen ses berdi. Örän uly maliýe täsiri!” diýip ýazdy.

Biraz soň Ak tamyň çap eden beýanaty “Prezident Hytaýyň we Russiýanyň bu rezolýusiýanyň kabul edilmegini berkitmekdäki hyzmatdaşlygyna gadyr goýýar” diýdi.

Howpsuzlyk geňeşi Phenýan iýulda kontinentara ballistik raketalaryny synag edip, indi tutuş Birleşen Ştatlara zarba urmak mümkinçiliginiň bardygyny aýdaly bäri, Demirgazyk Koreýa garşy owalda-ahyrda iň berk sanksiýalaryny girizmäge biragyzdan ses berdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary, Filippinlerde geçýän regional sammitiň gapdalyndan Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Kang Kyung-wha bilen duşuşýan Reks Tillerson BMG-nyň täze sanksiýalarynyň tassyklanmagyny “örän gowy netije” diýip atlandyrdy.

Kang täze sanksiýalar "örän we örän gowy netije" diýdi.

Tillerson Manilada, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň sammitindäki duşuşyk mahalynda özüniň Günorta Koreýanyň daşary işler ministri bilen bu sanksiýalar, Demirgazyk Koreýa basyş görkezmegiň indiki çäreleri barada maslahat etjekdigini aýtdy.

Demirgazyk Koreaýnyň daşary işler ministri Ri Yong-ho hem bu sammite gatnaşýar we ol ýerde Demirgazygyň ýadro programmasynyň esasy mesele bolmagyna garaşylýar. Emma muňa garamazdan, Demirgazyk Koreýanyň diplomaty bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmek plany ýok diýip, ABŞ resmileri aýtdy.

ABŞ tarapyndan taslanan sanksiýalaryň esasy özen Demiorgazyk Koreýanyň kömür, demir, gurşun we deňiz önümleri eksportyny gadagan etmekden we bu önümleri import etmegi ähli ýurtlara gadagan etmekden ybarat.

Bu eksportlardan, hasaplamalara görä, Phenýana ýylda 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak walýuta gelýär we ol ýurduň ýylda eksportdan alýan 3 milliard dollarynyň üçden birini düzýär.

Şeýle-de bu rezolýusiýa ýurtlara Demirgazyk Koreýanyň daşary ýurtlardaky işçileriniň häzirki sanyny köpeltmegi, Demirgazyk Koreýa bilen bilelikde täze kärhana gurmagy, ozaldan bar bolan bilelikdäki kärhanalara bolsa täze maýa ýatyrmagy gadagan edýär.

Rezolýusiýa dokuz şahsyýeti we dört kärhanany, şol sanda Demirgazyk Koreýanyň esasy walýuta bankyny BMG-nyň gara sanawyna girizip, global emläk doňdurmasyna we syýahat gadaganlygyna sezewar edýär.

Howpsuzlyk geňeşiniň 15 agzasynyň ählisi bu ýerde maksadyň Phenýana ykdysady basyşy artdyryp, ony özüniň ýadro we raketa programmalary babatdaky gepleşiklere gaýdyp getirmekden ybaratdygyny aýtdy.

Bu täze rezolýusiýadan ozal Howpsuzlyk geňeşi alty tapgyr sanksiýa girizdi, emma olar Demirgazyk Koreýany kontinentara ballistik raketa we ýadro kuwwatlyklaryny güýçlendirmekden saklap bilmedi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG