Sepleriň elýeterliligi

HRW, TI AOG-ny žurnalist Açylowanyň ýanalmagyna reaksiýa bildirmäge çagyrýar


Soltan Açylowa

Adam hukuklaryny goraýan HRW we “Türkmen inisiatiwasy” guramalary garaşsyz žurnalist Soltan Açylowanyň Türkmenistanda öz professional işi zerarly yzygiderli ýanalýandygyny aýdyp beýanat çap etdi we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýobaşçylaryny Türkmenistanyň hökümetinden Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlaryndan öň we soň žurnalistleriň öz işlerini gorkusyz ýerine ýetirmegine şert döretmek talaby bilen ýüzlenmäge çagyrdy.

Azatlyk radiosy, ýerli habarçynyň öz sözlerine salgylanyp, žurnalist Soltan Açylowanyň soňky wagtlarda yzygiderli ýanamalara, gorkuzmalara sezewar edilýändigini habar beripdi.

Adam hukuklaryny gorýan iki guramanyň bilelikde ýazan hatynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalisti Soltan Açylowa hüjüm edilmegi we fiziki öç almak haýbatynyň atylmagy barada öz pikirini aýtmagyna, Aşgabada Olimpiýa hartiýasynyň metbugat azatlygyny hormatlamgy talap edýändigini ýatlatmaga çagyrylýar.

“Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanda garaşsyz sesleriň bogulmagyna we basylyp ýatyrylmagyna reaksiýa bildirmegi, adalatsyzlyk bilen azatlykdan mahrum edilen žurnalistleri azat etmäge çagyrmagy we hökümetden metbugatyň doly azatlygynyň berjaý ediljegi barada kepillik almagy zerur” diýip, hatda aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbatulliniň sözlerine görä, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi Olimpiýa hartiýasynyň degişli düzgünleriniň berjaý edilmeginde jogapkärçilik çekýär, muňa azat metbugat ýörelgeleri, adam mertebesini sylamak hem girýär we ol - AOG bulary goramaga borçly.

“AOG Aşgabatdan Açylowanyň we beýleki garaşsyz habarçylaryň öz professional işini soňuny alada etmezden we esassyz gatyşylmazdan amala aşyrmagyna mümkinçilik döretmeli” diýip, Tuhbatullin aýdýar.

“Türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky az sanly žurnalistler babatda edýän hereketleri örän geň galdyrýar, sebäbi olar hakykatdanam örän we örän az. Ikinji tarapdan, özlerinden öňküler türmä basylsyn ýa Türkmenistany terk etmäge mejbur bolsun, bu hili žurnalistler hemişe peýda bolar, dörär. Sebäbi tebigat şeýle gurnalan, hemişe adalat isleýän we özlerine elýeterli usulda ony gazanmaga çalyşýan adamlar hemişe tapylar” diýip, Tuhbatullin Wenadan telefon arkaly beren gürrüňinde aýtdy.

Şeýle-de ol žurnalistikanyň has aktual, has kabul ederlik, şol bir wagtda hemmeler, şol sanda häkimiýetler üçinem has hoşniýetli kärdigini belledi we “olary yzarlamaly däl, goldamaly” diýdi.

Iki guramanyň bilelikde ýazan hatynda 67 ýaşyndaky Soltan Açylowanyň Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýändigi, bu radionyň Türkmenistan hakynda türkmençe yzygiderli garaşsyz habarlary berýän ýeke-täk habar serişdesidigi bellenilýär.

Hukuk goraýjylar Açylowanyň ýurtdaky sosial prblemalar, saglygy sajklaýyş pudagyndaky meseleler, agyz suwunyň ýetmezçiligi we beýlekiler barada habar berýändigini, şonuň bilen bir wagtda onuň öz kärdeşleriniň aglabasy ýaly, ençeme gezek gorkuzmalara we ýanamalar sezewar edilendigini nygtaýarlar.

“27-nji iýuldan 31-nji iýula çenli, birnäçe günüň dowamynda, Açylowa gazaply basyşa we haýbatlara, şol sanda näbelli erkek adamlar tarapyndan fiziki öç almak haýbatyna sezewar boldy, olar ondan žurnalistlik işiniň aýrylmaz bölegi bolan fotosurat almak işini bes etmegi talap etdiler” diýip, “Türkmen inisiatiwasy” we HRW guramalary ýazýar.

Şeýle-de hatda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň gazaply çäklendirme ýagdaýynda işleýändigi, bu ýurtda “garaşsyzlyk, plýuralizm barada asla gürrüň edip bolmajakdygy” bellenilýär.

Mundanam başga, hukuk goraýjy guramalar “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň aktiwisti Gaspar Matalaýewiň kezzaplyk baradaky galp aýyplamalar esasynda türmä basylandygyny, hakykatda onuň günäsiniň adamlaryň pagta ýygmak kampaniýasyna zor bilen çekilmegine monitoring, gözegçilik etmekden ybarat bolandygyny ýatladýarlar.

“Azatlyk” radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulyndan bäri, galyplaşdyrylan neşe maddasy aýyplamasy esasynda, üç ýyl türme möhletini çekýär” diýip, hukuk goraýjylar onuň hem hakykatda bar günäsiniň ýurt içinden sosial problemalar barada habar taýýarlamak bolandygyny aýdýarlar.

Ýurtda internet elýeterliligi, hemişekileri ýaly, örän çäkli we döwlet tarapyndan berk kontrollykda saklanýar. Häkimiýetler köp ýyllaryň dowamynda raýatlary hususy hemra antennalaryny söküp aýyrmaga hem-de döwlet tarapyndan kontrollyk edilýän, adamlary garaşsyz maglumat çeşmelerinden doly kesýän TW paketine abuna ýazylmaga mejbur edýärler diýip, Hatda bellenýär.

“Metbugat azatlygyny gazaply çäklendirmegiň taryhy we garaşsyz habarçylary we aktiwistleri hem ýurduň içinde, hem ýurt çäginden daşarda yzygiderli ýanamak praktikasy Açylowa edilen soňky hüjümiň häkimiýetleriň tankydy sem etmek babatdaky nobatdaky synanaşygydygyna şübhelenmäge ýer goýmaýar diýip, AHTI we “Hýuman Raýts Wotç” guramasy aýdýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG