Sepleriň elýeterliligi

‘200 awtobusyň birinde-de maýyplar üçin şertler göz öňünde tutulmandyr’


Aşgabadyň köçeleriniň birinde mümkinçiligi çäkli adam awtobusdan düşýär.

Geçen hepdäniň ahyrynda Aşgabatda 200 sany täze awtobusyň ulanylmaga berlendigi, olaryň şäheriň ýaşaýjylary we sentýabrda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň myhmanlary üçin niýetlenilendigi habar berildi.

Ýurt içinden gelip gowuşýan maglumatlarda jemgyýetçilik transport gatnawy üçin niýetlenen bu awtobuslarda maýyplar, ýagny mümkinçiligi çäkli adamlar üçin şertleriň göz öňünde tutulmandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG