Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Phenýanyň ýadro ýaragly maksadynyň 'režimiň soňuna' getirip biljegini duýdurdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jim Mattis
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jim Mattis

9-njy awgustda ABŞ Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragyny edinmegi dowam etdirmeginiň “režimiň soňuna getirmegine we öz halkynyň weýran edilmegine” getirip biljekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jim Mattisiň bu ýiti sözli duýduryşy prezident Donald Trampyň ABŞ-nyň ýadro ýaragy arsenalynyň üstün çykylyp bilinmejegi we onuň hiç wagtda ulanylmajagyny umyt edýändigi barada bir gün öň eden beýanatyna esaslanylýar.

“Demirgazyk Koreýanyň režimiň hereketleri biziň aşa üstüni ýetirmegimize eýe bolar we ol ýarag bäsdeşliginde ýa-da gozgaýan konfliktinde ýitgi çeker” diýip, Mattis aýtdy. Mattis Phenýany “öz-özüni üzňeleşdirmegi bes etmäge we ýadro ýaragy bilen bagly maksatlaryndan el çekmäge” ündedi.

Mattisiň çykyşyndan birnäçe sagat soň Demirgazyk Koreýa Ýuwaş okeandaky Guam adasyna orta aralyga niýetlenen ballistik raketalary bilen zarba urmak we Ýapon adalaryna dört sany raketany atmak boýunça planlaryny jemlemek baradaky haýbatyny gaýtalady.

XS
SM
MD
LG