Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Şazadanyň aýaly Diana baradaky täze kinofilm Britaniýany sarsdyrdy


Britaniýanyň şazadasynyň aýaly Diana.

Britaniýanyň esasy milli telekanallarynyň birinde 6-njy awgustda görkezilen “Diana: Öz sözleri bilen” atly dokumental film ýurtda diýseň uly seslenme döretdi.

“Channel 4” atly telekanalyň taýýarlan ol dokumental kinofilminde, Britaniýanyň şazadasynyň aýaly Diana bilen onuň "diksiýa mugallymy" Peter Setteleniň arasynda bolan özara söhbetdeşlikleriň ýazgysy hem orun alypdyr. Diananyň diksiýa sapagynda hut öz şahsy durmuşy barasynda söz açmagynyň sebäpleri doly aýan däl.

Dokumental filmde hanym Dinanyň çagalygyndan, ýogalan gününe çenli bolup geçen hadysalar barasynda gürrüň berilýär.

Dokumental filmdäki ses ýazgylaryň mundan owal ABŞ-da eşitdirilen bolsa, “Channel 4” atly telekanalyň öňe sürmegine görä, arhiwde saklanýan ses ýazgylarynyň milli telekanalda goýberilmegi ýurtda sensasiýa ýaly kabul edilipdir.

Ýeri gelende bellemeli bolsa, dokumental film entek efire çykmanka, o barasynda gaty uly goh-galmagal we jedeller turupdyr.

Etika we hakykat

Metbugatyň bu ýagdaýa çemeleşişi hem bitaraply bolmandyr. Meselem, şalyk maşgalasyna ýakyn hasaplanýan "The Telegraph" gazeti dokumental filmiň efire goýberilmegine garşy bolan makalalary yzygiderli ýagdaýda çap edipdir. Ol makalalarda dokumental filmiň etika gabat gelmeýändigi, Diananyň iki çagasy bolan - şazadalar William we Harry üçin agyr degjekdigi, "owalky ýaralary täzeden gaşamaga" zerurlygyň ýokdugy agzalypdyr.

Beýleki tarapdan, has liberal we biraz hem antimonarhiýa garaýyşly bolan "The Guardian" gazeti taryhy hakykatyň etikadan has ýokarda durýandygyny we dokumental filmiň oňaýly täsirleriniň boljakdygyny ýazypdyr. Has köp bitaraplygy bilen saýlanýan "The Independendt" gazeti bu dokumental filmdäki hadysalaryň ählisiniň diýen ýaly mundan owalam jemgyýete äşgärdigine üns çekip, ýöne muňa garamazdan, onda häzire çenli agzalmadyk möhüm ýagdaýlaryň agzalýandygyny aýan edipdir.

Muňa söýgi diýmek mümkinmikä?...

Dokumental filmde görkezilen we häzire çenli agzalmadyk şol möhüm ýagdaýlaryň birinde, hanym Diana öz janpenasy bilen söýüşýändigini we munuň özi üçin "diýseň beýik" söýgi bolup durýandygyny boýun alypdyr.

Ondanam has beter bilesigeljilik döreden ýene bir ýagdaý bolsa, hanym Diananyň Barry Manakee atly janpenasynyň aralaryndaky ýagdaý äşgär bolandan soň, derrew wezipesinden daşlaşdyrylmagy we ondan az salym soň hem "ýok edilmegi" barasynda aýdanlarydyr. Diana ses ýazgysynda bu ýagdaýa iňlisçe "bumped off" diýip suratlandyrmagy, biriniň janyna kast edilmegi manysynda bolup biler.

Diana bu dokumental filmde şol bir wagtyň özünde, adaglanan güni bir žurnalistiň soran sowalyna şazada Çarlza beren jogabyny "dolulygyna öz bähbidine ulanandygyny" aýdypdyr.

Şonda şazada Çarlz žurnalistiň "Siz özüňizi bagtly duýýaňyzmy we ony söýýäňizmi?" diýen sowalyna "Muňa söýgi diýmek mümkinmikä?.." görnüşinde jogap beripdir. Ondan soň bolup geçen hadysalar, şazada Çarlzyň Diana bilen öýlenmegine garamazdan, owalky söýgülisi Kamilla Parker bilen içgin aragatnaşygyny kesmändigini görkezýär.

Diana ol dokumental filmde özüniň diksiýa mugallymy we aktýor Peter Settelen bilen 1992-nji we 1993-nji ýyllarda ýazga geçirilen söhbetdeşliginde, hakyky söýgini durmuşa çykandan birnäçe ýyl soň tapandygyny aýdypdyr.

Hanym Diananyň aýtmagyna görä, ol 24-25 ýaşlarynda howpsuzlyk gullugynda işleýän bir adam bilen "çuňňur söýgini" başdan geçiripdir.

Diana: "Ýöne ondan soň birden ony garaşylmadyk ýagdaýda işinden kowdylar we soň hem ol heläk boldy. Ol wezipesini taşlamaly boldy we ondan üç hepde soň bir motosiklet ýol heläkçiliginde hem öldi" diýýär.

Hanym Diana munuň aslynda özüniň iň beýik söýgüsi bolandygyny aýan edip, şeýle belent söýginiň janpenasynyň ajalyna sebäp bolandygyny aýdýar.

Polis işgäri Mannakee 1980-nji ýyllarda bary-ýogy bir ýyla golaý Diananyň janpenasy bolup, soň Diplomatik gorag bölümine geçirilipdir.

39 ýaşynda bolan janpena 1987-nji ýylda motosiklet ýol heläkçiliginde aradan çykypdyr. Şol motosikleti onuň bir dosty sürýän ekeni, özi bolsa onuň arkasynda oturan ekeni. Awtoulaga kakyp, ýol heläkçiligine sebäp bolan hem onuň dosty ekeni. Janpena Mannakee ol ýol heläkçiliginde ölenem bolsa, motosikleti süren dosty sag galypdyr we oňa 85 funt sterling jerime salnyp, jogapkärçilige çekilmegi üçin derňew geçirilmeli edilipdir.

"The Independendt" gazetiniň ýazmagyna görä, ol ýol heläkçiliginiň bilkastlaýyn bolandygy barasynda subutnamalar ýok bolsa-da, Diana janpenasynyň öz söýgülisi bolany üçin şeýle ýagdaýda öldürilendigine ynanypdyr.

Diana ölmezinden birnäçe ýyl owal "BBC" telekanalynyň "Panorama" atly telegepleşiginde, Martin Başir bilen gürrüňdeşlik geçirip, äriniň oýnaşy Kamilla Parker Bowles barasynda hem söz açypdyr.

Diananyň şa zenan Ýelizabeta 2-nji bilen gatnaşygy hem hut şol söhbetdeşlikden soň ýaramazlaşypdyr.

XS
SM
MD
LG