Sepleriň elýeterliligi

Tramp Wenezuelada 'harby çäre görmek' ähtimallygyny duýdurýar


ABŞ-nyň prezident Donald Tramp metbugat wekilleriniň öňünde çykyş edýär. Nýu-Jersi, 10-njy awgust, 2017 ý.

Demirgazyk Koreýa bilen bir hepde kesgin söz atyşandan soň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 11-nji awgustda, ol ýerde harby gatyşmany aradan aýyrmaýandygyny aýdyp, Wenezuela bilen hem söz urşuna girdi.

Tramp Wenezuelanyň barha beter awtoritarlaşýan hökümetine garşy durmak üçin özüniň “harby çärä”hem “ýüz urup biljekdigini” aýtdy we bu latyn amerikasy ýurdunyň goranmak ministriniň ony “dälilik hereketinde” aýyplamagyna, metbugat arkaly özara harçaňlaşmagyň ýitileşmeginiň eýýäm tanyş modeline getirdi.

Aýyplamalar atşygy Jersidäki golf kurortynda dynç alýan Trampdan žurnalist geçen aýdaky dawaly saýlawlardan soň barha möwjeýän gozgalaňa gaplanan Wenezuela barada soranda başlandy.

Bu saýlawlar prezident Nikolas Maduronyň ýaranlygynda täze güýçli kanun çykaryjy organy iş başyna çykardy. Zorlukly protestler netijesinde 120-den gowrak adam öldürildi, müňlerçe adam tussag edildi.

"Biziň dünýä ýüzünde örän alys ýerlerde hem goşunlarymyz bar. Wenezuela beýle uzakda däl we ol ýerde adamlar ejir çekýär, olar ölýärler” diýip, Tramp jogap berdi.

"Biziň Wenezuela üçin köp wariantymyz, şol sanda, eger zerur bolsa, harby çäre görmek mümkinçiligimiz hem bar” diýip, ol daşary syýasat topary, döwlet sekretary Reks Tillerson, ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Heýli, milli howpsuzlyk geňeşçisi H.R. McMaster bilen duşuşanyndan soň aýtdy.

"Biz bu barada gürrüň etmeýäris, emma harby operasiýa – harby çäre – bu biziň ýüz urup biläýjek bir zadymyz” diýip, ol aýtdy. “Wenezuela bidüzgünçilige gaplandy. Bu örän howply bidüzgünçilik we örän gamgyn ýagdaý.”

Trampyň sözleri Wenezuelada we beýleki ýerlerde bada-bat galagoplyk döretdi. Tramp adminstrasiýasy ozal Madurony “diktator” atlandyrypdy we Maduronyň we onuň ýaranlaryna garşy sanksiýa girizipdi, emma hiç wagt harby çäre görmek ähtimallygyny ýaňzytmandy.

Wenezuelanyň goranmak ministri general Wladimir Padrino muny “dälilik” we “ekstremizm” diýip atlandyrsa, Wenezuelanyň beýleki ministrleri Trampy “imperializimde” aýyplap, “milli özygtyýarlylyga görülmedik wehim” hökmünde ýazgardylar.

"ABŞ-a jogap berýän ekstremist elita bilen bu dünýä näme boljagyny kim bilýär?” diýip, Maduronyň ýakyn ýarany Padrino aýtdy.

Maduro we Wenezuelanyň beýleki liderleri Birleşen Ştatlary uzak wagt bäri çozup girmäge taýýar agressor hökmünde häsiýetlendirýärler, ýoga Maduro golaýda demirgazykdaky super döwlet bilen gowy gatnaşyklary dikeltmek isleýändigini aýtdy.

Ak tam 11-nji awgust güni giçlik Maduronyň günüň dowamynda Tramp bilen telefonda gürleşmekçi bolandygyny aýtdy, emma Tramp onuň bu talabyny pres-relizde aç-açan ret etdi.

"Birleşen Ştatlar Maduro režiminiň dowamly repressiýasyna uçraýan wagtynda Wenezuelanyň halky bilen bile dur” diýip, Ak tam aýtdy.

"Prezident Tramp Wenezuelanyň lideri bilen bu ýurtda demokratiýa dikeldilen badyna höwesli gürleşer” diýip, beýanatda aýdylýar.

Trampyň Karakasa garşy harby çäre görmegiň pikirini etjekdigi baradaky duýduryşyna garamazdan, Pentagon beýanat çap edip, Wenezuelanyň syýasy liderleriniň Birleşen Ştatlar goşun salmagy planlaşdyrýar diýen aýyplamalarynyň “esassyzdygyny” aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG