Pakistanda döwletiň esaslandyrylmagynyň we garaşsyzlygyň 70-nji ýyl dönümi bellenýär.
Prezident Mamnoon Hussain 14-nji awgustda Yslamabatda geçirilen baýramçylyk dabarasynda ýurduň milli baýdagyny galdyrdy. Bu dabara premýer-ministr Şahid Hakan Abbasi we ýurda sapar edýän Hytaýyň wise-premýeri Wang Ýang gatnaşdylar.
Soňra Hussain ýurduň görnükli raýatlaryna medal gowşurdy.
Pakistan öz garaşsyzlygyna 1947-nji ýylda Birtaniýanyň Hindistany terk edip, subkontinenty bölmeginiň netijesinde eýe boldy. Bu waka 20-nji asyryň iň güýçli sarsgynlarynyň birini emele getirdi.
Bu taryhy sene pakistanlylaryň syýasy durnuksyzlygy başdan geçirýän döwrüne gabat geldi.
Pakistanyň taryhy bäsdeşi Hindistan garaşsyzlygyny bir gün soň 15-nji awgustda belleýär.
Ýadro ýaragyna eýe bolan döwletler dartgynly gatnaşykda galýarlar, şol sanda dawaly Kaşmir regionynyň üstünde.