Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň Riýadyň we Tähranyň arasynda araçy boljagy habar berilýär


Yragyň içeri işler ministri Kasim al-Arraji

Yragyň resmisi öz ýurdunyň Saud Arabystanynyň we Eýranyň arasynda araçy roluny öz üstüne aljakdygyny aýtdy diýip, Eýranyň we Yragyň media serişdeleri habar berdiler.

13-nji awgustda Yragyň içeri işler ministri Kasim al-Arraji saud şazadasy Muhammad bin Salmanyň Riýadyň we Tähranyň arasyndaky dartgynlylygy gowşatmaga Yrakdan kömek sorandygyny aýtdy diýip, Eýranyň ýarym resmi ISNA täzelikler agentligi we Yragyň Alghadeer satellit kanaly habar berdiler.

"Asudalyk we durnuklylyk hem Eýranyň we Saud Arabystanynyň arasynda gatnaşyklaryň gaýtadan ýola goýulmagy tutuş regiona gowy täsir ýetirer” diýip, Arrajiniň 12-nji awgustda Eýrana eden saparynyň yzýany aýdandygy habar berildi.

Saud Arabystany bu maglumatlary resmi taýdan kommentirlemedi. Sunni Saud Arabystany we şaýy Eýran Ýakyn Gündogarda öz täsirlerini artdyrmak ugurunda uzak waglap bäsleşip gelýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG