Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Jaýlaryň töweregindäki ulaglary aýyrmak çäresi gaýtadan güýçlendirildi


Polisiýa işgärleri we awtoulag sürüjisi. Aşgabat
Polisiýa işgärleri we awtoulag sürüjisi. Aşgabat

14-nji awgustdan bäri Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň we Patrul gullugynyň işgärleri tarapyndan Aşgabadyň köp gatly jaýlarynyň töweregindäki awtoulaglary aýyrmak çäresiniň gaýtadan güýçlenendigi habar berilýär.

Ýatladyp geçsek, indi bir ýyl çemesi wagt bäri Aşgabadyň ýaşaýjylaryndan öz awtoulaglaryny ýöriteleşdirilen duralgalarda goýmak talap edilip, ulagyny jaýlaryň arkasyndaky köçelerde goýan adamlara garşy dürli çäreler görülýär.

Azatlyk Radiosy bu çäreleriň gaýtadan güýçlendirilmegi bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Aşgabat: Jaýlaryň töweregindäki ulaglary aýyrmak çäresi gaýtadan güýçlendirildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:07 0:00

XS
SM
MD
LG