Sepleriň elýeterliligi

Din azatlygy: Türkmenistan ‘aýratyn aladalanma döredýände’ saklanýar


Aşgabatdaky metjitleriň birinde ymam dini ybadatlary berjaý etmäge çagyrýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň täze ýyllyk hasabatynda Türkmenistan din azatlygy boýunça “aýratyn aladalanma döredýän” ýurtlaryň sanawynda saklanyp galýar.

15-nji awgustda ýaýradylan hasabatda dünýäde din azatlygynyň ýagdaýyna baha berilýär.

2016-njy ýyla syn edilýän hasabatda Türkmenistanda geçen ýyl hem din azatlygyna garşy basyşlar, dini toparlara berk gözegçilik dowam etdirildi, sanawa alynmadyk dini toparlaryň agzalaryna garşy dürli jeza çäreleri görüldi diýilýär.

Türkmen hökümeti, olaryň sözüne görä, makul dini doktrinadan dänen musulman toparlarynyň dini liderlerini we “Ýegowanyň şaýatlary” ýaly hasaba alynmadyk dini azlyklaryň agzalaryny öz dini ynançlaryny berjaý edeni üçin tussag etdi diýlip, hasabatda aýdylýar.

“Forum 18 guramasynyň maglumatyna görä, musulman Ýoldaş Hojamuradow polisiýa tarapyndan birnäçe hepdeläp her gün soraga çekilip, beýleki ‘wahhabistleriň’ şahsyýetini mälim etmek barada basyş edilenden soň, Türkmenabatda öz janyna kast edýär. Dekabr aýynda dürli media serişdeleri türkmen häkimiýetleriniň türk ruhanysy Fethullah Gülen bilen ilteşigi bolmakda güman edilýän onlarça adamy tussag edip, gynamalara sezewar edendigini habar berdiler” diýlip, Döwlet departamentiniň hasabatynda bellenilýär.

Şeýle-de, raporta Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Daşoguz welaýatynda ýurduň organ işgärleri tarapyndan 50 ýaşyna ýetmedik adamlaryň saklanyp, öz sakgallaryny syrmaga mejbur edilendigini habar berdi diýlip, türkmen häkimiýetleriniň bu maglumatlar barada hem haýsydyr bir kommentariý bilen çykyş etmändigine üns çekilýär.

Döwlet departamentiniň hasabatynda geçen ýyl hökümetiň çäklendirmeleri sebäpli dini ynançlary ýa-da hereketleri üçin tussag edilenleriň ykbaly barada maglumat almagyň kynlaşdyrylandygy hem bellenilýär.

Raportyň “Din azatlygyna jemgyýetiň goýýan hormaty” atly bölüminde ýurtda däp bolan etniki-dini ynançlardan dänen adamlaryň jemgyýetçilik tankydyna we basyşyna sezewar edilmeginiň dowam edendigi aýdylýar.

Hasabatyň “Din azatlygyna hökümetiň goýýan hormaty” atly bölüminde bolsa, mart aýynda Türkmenistanda Dini guramalar we din azatlygy hakyndaky kanunyň kabul edildendigi ýatladylyp, onda ähli, şol sanda öňki dini kanuna görä hasaba alnan dini toparlaryň ýurduň Adalat ministrliginde gaýtadan hasaba durmagy talap edilýär diýilýär.

Emma muňa garamazdan, geçen ýylyň dowamynda, Türkmenistanda täze dini toparlaryň hiç biriniň resmi taýdan hasaba alynmandygy, öňden hasaba duran dini toparlaryň hem gaýtadan ýazga alynmandygy nygtalýar.

Dekabr aýynda dini guramalaryň agzalary bilen soňky 10 ýylyň dowamynda geçiren ilkinji tegelek stol gepleşiginde, hökümet resmileri dini toparlaryň hasaba durmak proseduralaryny has takyklaşdyrmaga synanyşjakdyklaryny aýtsalar-da, olaryň bu proseduralaryň maddalary barada maslahat etmändigi habar berilýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçisiniň, ilçihananyň resmileriniň we ABŞ-nyň ýurda sapar eden hökümet resmileriniň türkmen hökümeti bilen geçiren duşuşyklarynda, dini guramalaryň agzalarynyň tussag edilmegi we höküm edilmegi barada aladalanma bildirendigi aýdylýar.

Şeýle-de, olaryň türkmen hökümetini dini azlyklar bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmaga, öz dini ynançlary boýunça harby gullukdan ýüz öwürýän adamlar üçin gulluk alternatiwalaryny döretmäge, dini toparlaryň hasaba durmak proseduralaryny takyklaşdyrmaga, täze dini toparlaryň hasaba durmak proseduralaryny çaltlaşdyrmaga we dini kitaplaryň importyna, ýaýradylmagyna garşy girizilen çäklendirmeleri ýatyrmaga çagyrandygy bellenilýär.

Döwlet departamentiniň ýyllyk hasabatyna görä, ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda 5,2 million ilatyň (2016-njy ýylyň iýul aýynda) ýaşaýandygyny çaklaýar. ABŞ-nyň hökümetiniň çaklamalaryna görä, ýurduň ilatynyň 89 prosenti musulmanlardan (aglabasy sünni musulmanlar) ybarat bolup, 9 prosentini prawoslaw hristianlar we 2 prosentini beýlekiler emele getirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG